HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝHHG-na durnukly ulag boýunça edarasyny döretmegi teklip edýär

Sentýabr 29, 2024 | 14:20 |10648
28-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredowyñ ÝHHG-niñ Baş sekretarynyñ wezipesini ýerine ýetirijisi we dawalaryñ öñüni almak boýunça Merkeziniñ ýolbaşçysy Ketrin Fironyñ arasynda duşuşyk geçirildi.28-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredowyñ ÝHHG-niñ Baş sekretarynyñ wezipesini ýerine ýetirijisi we dawalaryñ öñüni almak boýunça Merkeziniñ ýolbaşçysy Ketrin Fironyñ arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

28-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredowyñ ÝHHG-niñ Baş sekretarynyñ wezipesini ýerine ýetirijisi we dawalaryñ öñüni almak boýunça Merkeziniñ ýolbaşçysy Ketrin Fironyñ arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niñ arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygynyñ ähmiýeti barada belläp geçdiler. Türkmenistanyñ sebit howpsuzlygynyñ we durnukly ösüşiñ pugtalandyrylmagyna ähmiýet bermek bilen Guramanyñ häzirki formatynda mundan beýläk-de ösdürulmegini goldaýandygy barada bellenildi.

Maslahatlaşmanyñ dowamynda Türkmenistanda häzirki wagtda we geljekde amala aşyryljak taslamalara we maksatnamalara garaldy. Daşary işler ministri ÝHHG-niñ çäginde öñe sürülen başlangyçlaryny, şol sanda Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasynyñ taýýarlanylyşyny, ekologiýa maksatnamasynyñ işlenilip düzülmegini we durnukly ulag boýunça edaranyñ döredilmegini ýene bir gezek tassyklady. Bu başlangyçlar Türkmenistanyñ daşky gurşawy goramak we ulag infrastrukturasyny ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelip, Guramanyñ işiniñ gowulandyrylmagynda möhüm bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026