HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mazari-Şarifdäki Türkmenistanyň Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdy

Sentýabr 27, 2024 | 00:55 |11190
Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.
Çeşme: avapress.com

Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Owganystanyň energetika taslamalaryna ýardam etjekdigi hem-de umumy serhet bilen berkidiljek söwda, üstaşyr, ykdysady gatnaşyklaryň ösdüriljekdigi barada Käbäýew belledi.

Balh welaýatynyň gubernatory Mohammad Ýusuf Wafa öz gezeginde Owganystanda maýa goýumlar we daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen söwda üçin oňaýly esasyň emele gelýändigi barada belledi. Owganystanyň ähli serhet nokatlarynda eksport we import harytlaryň hilini barlamak üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylandygy barada belläp, ol iki ýurduň arasynda düzgünleriň aňsatlaşdyrmagy bilen söwda möçberini ýokarlandyrmak mümkindigi barada aýratyn belläp geçdi.

Agentligiň habarynda duşuşyga ýerli ýokary wezipeli adamlaryň, şol sanda Owganystanyň Nebit-gaz söwdagärleriň milli birleşiginiň başlygy Seýýed Karim Haşeminiň gatnaşandygy barada habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026