HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskdäki Türkmenistanyň ilçihanasynda türkmen talyplary bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi

Sentýabr 25, 2024 | 20:10 |9805
25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda, Minskdäki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna we Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlandy.25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda, Minskdäki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna we Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy tarapyndan üpjün edilen

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda, Minskdäki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna we Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlandy.

25092024-v-posolstve-turkmenistana-v-minske (3).jpg

Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Nazarguly Şagulyýew öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýet, bilim we jemgyýetçilik durmuşy ugurlarynda halkyň gülläp ösüşine we abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi.

25092024-v-posolstve-turkmenistana-v-minske (2).jpg

Şeýle hem ol, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edild aýtdy. Bu karar onuň edebi we pelsepewi mirasyny wagyz etmäge gönükdirilendir. Ilçi watançylygy we ynsanperwerligi wagyz edýän Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä medeniýetine möhüm goşant goşýandygyny belläp, we ýaşlary bu ruhy mirasa hormat goýmaga çagyrdy. Diplomat şeýle hem Türkmenistanda ýubileý dabarasyna bagyşlanan halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

25092024-v-posolstve-turkmenistana-v-minske (4).jpg

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan wideo ýazgylar görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026