HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda raýat jemgyýeti guramalary üçin taslamany dolandyrmak boýunça okuw geçirildi

Sentýabr 26, 2024 | 20:10 |9912
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) 25-26-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanda raýat jemgyýeti guramalary üçin taslama dolandyryş tapgyry boýunça okuw geçirdi.Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) 25-26-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanda raýat jemgyýeti guramalary üçin taslama dolandyryş tapgyry boýunça okuw geçirdi.
Çeşme: EU Delegation to Turkmenistan

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) 25-26-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanda raýat jemgyýeti guramalary üçin taslama dolandyryş tapgyry boýunça okuw geçirdi.

Bu okuw meýilnamalaşdyrmak, işläp düzmek, serişdeleri ýygnamak, býudjeti düzmek, baha bermek we gözegçilik etmek şeýle hem hasabat beriş mehanizmlerine gönükdirilen ýerli raýat jemgyýeti guramalarynyň taslamasyny dolandyrmakda başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir. “Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryndan biri ýerli jemgyýetçilik guramalaryna goldaw bermekdir, sebäbi olar jemgyýetiň, şol sanda serhetýaka sebitleriň arasynda özara gatnaşyklar arkaly ýurduň demokratik ösüşinde möhüm orun eýeleýä” – diýip ÝB wekilhanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

26092024-v-ashhabade-trening-dlya-organizacij-grazhdanskogo-obshchestva (2).jpg

“Ýewropa Bileleşigi entägem demokratiýalary goramakda we has güýçli, has inklýuziw jemgyýetleri ösdürmekde möhüm orun eýeleýän raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermäge borçlanýar. ÝB-iň maliýeleşdirmek maksatnamalary we syýasy başlangyçlar arkaly edýän siziň tagallalaryňyza goldaw berip, gepleşikleri we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýäris” – diýip Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa gatnaşyjylara ýüzlendi.

Guramaçylaryň pikiriçe, bu okuwyň netijesinde jemgyýetçilik guramalary amaly endiklerini ýokarlandyrdylar we häzirki taslamalary gowulandyrmaga mümkinçilik berjek täze başarnyklara eýe bolup, çäreleriniň gerimini giňeltmek we täze başlangyçlary işläp düzmek üçin Ýewropa Bileleşiginden we beýleki halkara donorlaryndan maliýe kömegini almak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

26092024-v-ashhabade-trening-dlya-organizacij-grazhdanskogo-obshchestva (1).jpg

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni Merdan Arazmedow okuwyň netijeleri barada şeýle diýdi: “Okuw biziň üçin bir gurama hökmünde diýseň peýdaly boldy. Taslamany dolandyrmak mümkinçiliklerimizi giňeltdik we indiki taslamalar üçin has köp çeşme toplamaga kömek etjek serişdeleri ýygnamak we hasabat bermek hakda has köp zat öwrendik. Alan bilimlerimiziň biziň ösmegimize we tebigaty goramak pudagyna hasam täsir etjekdigine şüwhe ýok”.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026