Pasport bilen täze ösüşlere: Türkmenistanyň täze raýatlary geljekki meýilleri bilen paýlaşdylar


Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen 1 146 adam ýurdumyzyň pasportlarynyň dolyhukukly eýeleri boldular. Olaryň arasynda 29 milletiň dürli ýaşdaky adamlary bar. ORIENT habarlar saýtynyň habarçysy olardan interwýu alyp, dabara gatnaşanlaryň birnäçesi öz duýgulary bilen paýlaşdylar.
— Bu gün biziň goşa baýramymyz. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bellenilýär hem-de biz Türkmenistanyň dolyhukukly raýaty bolduk. Halkyň abadançylygy üçin ähli şertleriň döredilen bu döwletiň raýaty bolmak meniň üçin örän uly buýsançdyr. Munuň özeninde Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary bardyr – diýip, Maksat Demirow öz duýgularyny paýlaşdy.

Maksat Demirowyň 2003-nji ýylda Büzmeýin etrabynda doglup, häzirki wagtda Arkadag şäherinde ýaşaýandygyny bellemek zerurdyr. Çagalygyndan ol heýkel eserlerini döretmek sungaty bilen meşgullanýar. Türkmenistanyň iri şäherleriniň köçelerinde ýerleşdirilen birnäçe ýadygärlikleriň döredilmegine bu ýaş oglan öz goşandyny goşandygy bellärlikdir. Geljekde Maksat sungat ugry boýunça ýokary bilim alyp, ýokary hünärli heýkeltaraş bolmagyny arzuw edýär.
Öz geljekki meýilleri barada 19 ýaşly Abadan Geldiýewa hem gürrüň berdi:
— Bü gün meniň arzuwym hasyl boldy, men Türkmenistanyň raýaty boldum. Meniň begenjimiň çägi ýok. Türkmenistanyň pasportyny almak meniň üçin uly mertebe. Indi men ýokary bilim hem alyp bilerin. Meniň azruwym M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwerstetine girip, ýokary hünärli lukman bolup, ýurdumyzyň lukmançylygynyň ösüşine öz goşandymy goşmakdyr. Biz barada alada edip, halk üçin döredip berýän ähli mümkinçilikler üçin men Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz alkyşlarymy aýdýaryn – diýip, Abadan uly ruhubelentlik bilen gürrüň berdi.

Änew şäheriniň 51 ýaşly ýaşaýjysy Gülbahar Jumagylyjowa üçin hem bu günki gün ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.
— Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmek meniň we meniň maşgalam üçin möhüm wakadyr. Men özümi hemişe bu ýurduň bir bölegi hökmünde duýýardym, indi bolsa men özümi onuň resmi raýaty diýip atlandyryp bilýärin. Meniň üçin bu bir ýönekeý resminama däl, bu jemgyýetiň durmuşyna dolulygyna gatnaşyp, Türkmenistanyň ösüşine öz goşandymy goşmak üçin uly mümkinçilikdir. Bu ýurduň dolyhukukly raýaty bolmak mümkinçiligi üçin, adam baradaky alada, öz arzuwynyň ýolunda bolan her bir adamynyň durmuşyny gowulandyrmaga ýardam edýän ynsanperwer başlangyçlar üçin ýurdumyzyň Baştutanyna çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin – diýip, Gülbahar paýlaşdy.

Başga täze raýatlar ýaly Gülbahar hem öz hünäri boýunça kämilleşmegi meýilleşdirýär. Raýatlygy almak bilen täze mümkinçilikleriň açylandygyny we olary ýokary derejede peýdalanmak isleýändigini ol begenç bilen belledi.
Türkmenistanyň täze raýatlaryň her biriniň hekaýasy – arzuwlar, meýiller hem-de ösen we berkarar ýurduň bölegi bolmak mümkinçiligi baradaky hekaýadyr. Ruhubelentlikden doly we zähmet çekmäge taýýar bolan bu adamlar eýýäm Türkmenistanyň durmuşyna işjeň gatnaşyp, ýurduň geljegi üçin öz goşandyny goşmaga taýýardyrlar.






