Moskwada Türkmenistanyň Gahrymany Iwan Kuzmin gyzgyn garşylandy


25-nji sentýabrda Aşgabatdan gaýdyp gelen, iň ýokary tapawutlandyryş derejesine — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen adyna we “Altyn Aý” altyn nyşanyna eýe bolan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmini dabaraly garşylamak çäresi boldy.
Moskwanyň Domodedowo howa menzilinde Iwan Kuzmini Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew, diplomatik missiýanyň işgärleri, Russiýanyň bilim edaralarynda okaýan türkmen talyplary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Iwan Kuzmin gelen pursatyndaky gysga söhbetdeşlikde, hususanda şeýle diýdi:
–Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary derejä eýe bolmak meniň üçin uly hormat. Meniň zähmetime şular ýaly baha berenligi üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine we hormatly türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlygymy bildirýärin. Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmegiň üstünde işlemegi dowam etdirerin we tejribe we bilimlerimi türkmen kärdeşlerim bilen paýlaşaryn. Türkmenistanda bolup geçýän we türkmen halkynyň bähbidine hyzmat edýän giň gerimli özgerişliklere haýran galandygymy bellemek isleýärin. Ol ýerde işimiň bir böleginiň bardygyna buýsanýaryn.
Iwan Kuzmin – iň ýokary tapawutlandyryş derejesine — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Türkmenistanyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly bugdaýyň täze görnüşlerini döretmäge, ýetişdirmäge, synagdan geçirmäge we bol hasyl alynmagyny üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem ýokary hünär ussatlygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp sylaglandy.
ORIENT news







