HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigi döredildi

Sentýabr 26, 2024 | 11:36 |9432
Stambulda Türki döwletleriň Guramasynyň edarasynda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekildi diýip, Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär. 
Birleşige “Şahdag” syýahatçylyk merkezi (Azerbaýjan), “Uludag” kurorty (Türkiýe), “Amirsoý” kurorty (Özbegistan) hem-de “Şymbulak” dag kurorty (Gazagystan) girdi.Stambulda Türki döwletleriň Guramasynyň edarasynda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekildi diýip, Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär. 
Birleşige “Şahdag” syýahatçylyk merkezi (Azerbaýjan), “Uludag” kurorty (Türkiýe), “Amirsoý” kurorty (Özbegistan) hem-de “Şymbulak” dag kurorty (Gazagystan) girdi.
Çeşme: inform.kz

Stambulda Türki döwletleriň Guramasynyň edarasynda Türki ýurtlaryň dag kurort birleşigini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekildi diýip, Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär. Birleşige “Şahdag” syýahatçylyk merkezi (Azerbaýjan), “Uludag” kurorty (Türkiýe), “Amirsoý” kurorty (Özbegistan) hem-de “Şymbulak” dag kurorty (Gazagystan) girdi.

Birleşigiň döredilmegi sebitde dag lyža syýahatçylygyny ösdürmek üçin binýatlaýyn meýdançany hem-de syýahatçylar üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen kesgitlenildi.

Umumylykda, Birleşige girizilen dag kurortlaryna her ýylda 5 mln gowrak adam barýar. Bu syýahatçylygyň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Birleşigiň işi kurortlaryň arasynda amatly syýahatçylyk ugurlarynyň işlenilip düzülmegine; çäreleriň, sergileriň we maslahatlaryň ýeketäk senenamasynyň döredilmegine gönükdiriler. Şeýle-de Birleşigiň ýerine ýetirmeli işleriniň arasynda gyşky sport oýunlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki halkara sport çäreleriniň geçirilmegi bardyr.

Birleşik umumy maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge çalyşýan türki ýurtlaryň beýleki dag kurortlaryny öz işine işjeň çekmegi meýilleşdirýär.

Ähtnama gol çekilmegi – kurortlarymyz üçin taryhy waka bolmak bilen, dag lyža syýahatçylygyny ösdürmekde türki ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşendiginiň nyşanydyr. Bu medeniýetleriň, mümkinçilikleriň we geljegiň birleşigidir. Halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berjek senagatyň ösdürilmeginde täze sahypany açýarys, - diýip, “Şymbulak” dag kurortynyň Baş direktory Rinat Abdrahmanow belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026