HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

Sentýabr 25, 2024 | 16:25 |17528
Şu gün 25-nji sentýabrda Türkmenistanyñ Döwlet migrasiýa gullugynyñ mejlisler zalynda Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul edilen şahslara pasport hem-de ýurduñ çäginde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.Şu gün 25-nji sentýabrda Türkmenistanyñ Döwlet migrasiýa gullugynyñ mejlisler zalynda Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul edilen şahslara pasport hem-de ýurduñ çäginde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Çeşme: Orient.tm

Şu gün 25-nji sentýabrda Türkmenistanyñ Döwlet migrasiýa gullugynyñ mejlisler zalynda Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul edilen şahslara pasport hem-de ýurduñ çäginde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde Döwlet Baştutanyñ gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzda hemişe ýaşaýan 29 milletiñ wekilleri bolan 1 müñ 146 adam Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalary almak üçin 6 sany daşary ýurduñ raýaty we 15 milletiñ wekilleri bolan 134 adamyñ ýüzlenmeleri hasaba alyndy.

1

Ählihalk baýramçylygy bolan Watanymyzyñ Garaşsyzlyk güni mynasybetli bu şanly dabara ýurdumyzyñ ýokary ynsanperwer däplerine, adamy söýmegiñ we meýletin islegiñ ýörelgelerine bolan hemişelik ygrarlylygynyñ ýene bir gezekki subutnamasy boldy.

2

Pasport gowşurmagyñ dabaraly çäresinde Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul edilen adamlar apatridleriñ meselelerini çözmekde bildirýän ünsi, olaryñ abadan durmuşda ýaşamaklary üçin döredilýän ähli şertler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa çäksiz minnetdarlygyny duýdurdylar. Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryñ dowamynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşap, başga döwletleriñ raýatlygyna degişli bolmadyk 30 müñ 998 adam Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagtda daşary ýurtlylaryñ we raýatlygy bolmadyklaryñ 5 müñ 18-ne Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.

3

Şeýlelikde, geçirilen dabara ýurdumyzyñ halkara hukugynyñ umumy ykrar edilen kadalaryna, Türkmenistanyñ Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öñe sürülýän sebit we ählumumy ynsanperwer başlangyçlaryñ ösdürilmegine hemişelik ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklady.

Bu ynsanperwer çözgütler köptaraply halkara resminamalaryndan, hususan-da "Bosgunlar baradaky", "Apatridler baradaky" hem-de "Raýatsyzlygy azaltmak baradaky" BMG-niñ konwensiýalaryndan gelip çykýan öz üstüne alan borçnamalarynyñ ýerine ýetirilmegine hem öz ygrarlylygyny açyp görkezdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026