HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdy ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp düzmegiň esasy ugurlaryny atlandyrdy

Sentýabr 25, 2024 | 16:10 |12030
24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm başlangyçlary öňe sürdi.24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Çeşme: maslahat.gov.tm

24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatyň 2025-nji ýylda geçiriljek mejlisinde daşary ykdysady işini, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, sanly ykdysadyýeti, ulag we medeni diplomatiýasyny, şeýle hem ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny, ýokary bilimi ösdürmek ýaly esasy ugurlary öz içine alýan 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdy ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyna seretmegi teklip etdi.

Mundan başga-da meýilnamada – intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak bar. (Doly maglumat TDH)

Bu başlangyçlar, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmaga we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin durnukly esas döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň ýakyn geljekdäki işleriniň strategiki ugurlaryny kesgitleýärler we ýurduň dünýä jemgyýetçiligine goşulyşmagyna, içerki mümkinçilikleriň ösmegine, hyzmatdaşlyga we innowasiýa üçin täze mümkinçilikleri döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026