HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe we artist Annajemal Nurmuhammedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy

Sentýabr 25, 2024 | 13:40 |10392
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekili Sarahs Babaýewe hem-de artist Annajemal Nurmuhammedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekili Sarahs Babaýewe hem-de artist Annajemal Nurmuhammedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekili Sarahs Babaýewe hem-de artist Annajemal Nurmuhammedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigini, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giň gerimli işlerini, şekillendiriş sungatynda özboluşly mekdebi kemala getirendigini nazara alyp Sarahs Babaýew bu ýokary sylaga mynasyp boldy.

Şeýle hem Annajemal Nurmuhammedowa türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazanan üstünliklerini, milli medeniýetiň, milli aýdym-saz, tans sungatynyň ösdürmäge hem-de dünýä ýaýmakda uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini we goşan uly şahsy goşandyny, zehinli ýaşlary ýetişdirmekde bitiren giň gerimli işlerini nazara alyp, bu ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy.

“Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady we «Altyn Aý» altyn nyşanyny bilen sylaglamak dabarasy 24-nji sentýabr, sişenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda bolup geçdi. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi A.Nurmuhammedowa we belli heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi S.Babaýewe iň ýokary döwlet sylagy Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gowşuryldy.

Döwlet Baştutanyna ägirt uly hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ada mynasyp bolan A.Nurmuhammedowa we S.Babaýew zähmetine berlen şeýle ýokary bahanyň olary mundan beýläk-de tutanýerli işlemäge ruhlandyrýandygyny bellediler diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026