HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus akademigi Iwan Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy

Sentýabr 25, 2024 | 12:40 |11160
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy we “Altyn Aý” altyn nyşany gowşuryldy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy we “Altyn Aý” altyn nyşany gowşuryldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy we “Altyn Aý” altyn nyşany gowşuryldy.

Oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik I.Kuzmine iň ýokary döwlet sylagy Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda gowşuryldy.

“Kuzmin ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda depginli ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny belledi, şeýle-de ýurduň Hökümeti tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döredilýän ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Golaýda Aşgabatda geçirilen iri forumlaryň — GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir” – diýip TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy duşuşdy.

Oba hojalykçy akademige Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedow I.Kuzmini bu ugurda ýerine ýetirýän giň möçberli işleri we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Iwan Kuzmin Türkmenistanyň iň ýokary sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin belent mertebedigini aýdyp, umumymilli forumyň çäklerinde duýdansyz bolup geçen tolgundyryjy wakanyň öz alyp barýan işine bildirilen hormatyň aýratyn nyşanyna öwrülendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan döredilen hem-de “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan bugdaýyň täze görnüşlerine ýokary baha berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026