HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ylym we bilim ugrunda türkmen-arap hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşyldy

Sentýabr 25, 2024 | 10:21 |8864
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda rektor Gülşat Ýusupowanyň hem-de Türkmenistandaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda rektor Gülşat Ýusupowanyň hem-de Türkmenistandaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda rektor Gülşat Ýusupowanyň hem-de Türkmenistandaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Taraplar ylym we bilim boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada ara alyp maslahatlaşdylar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerine garadylar.

Söhbetdeşler howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berdiler. Belli bolşy ýaly, geçen ýylyň 30-njy noýabr – 12-nji dekabr aralygynda BAE-da BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji maslahaty geçirildi.

Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebinde Howanyň üýtgemegi bilen bagly Ýaşlaryň milli maslahaty geçirilip, ol Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň bilelikdäki başlangyjy boldy. Dabara oňa gatnaşyjylara milli derejede howanyň üýtgemegine garşy göreşde tagallalary ösdürmek üçin pikir we tejribe alyşmaga hem-de Türkmenistana degişli bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026