HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Demirýollary” AGPJ-niň hünärmenleri “InnoTrans 2024” atly halkara sergisinde demir ýol pudagyndaky täzeçillikleri öwrenýärler

Sentýabr 24, 2024 | 19:30 |8660
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Berlinde “InnoTrans 2024” atly giň göwrümli halkara ulag sergisi açyldy. Demir ýol puganyň senenamasyndaky möhüm waka hasaplanýan “InnoTrans” sergisine “Demirýollary” AGPJ-niň wekilleri hem gatnaşýarlar.2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Berlinde “InnoTrans 2024” atly giň göwrümli halkara ulag sergisi açyldy. Demir ýol puganyň senenamasyndaky möhüm waka hasaplanýan “InnoTrans” sergisine “Demirýollary” AGPJ-niň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Çeşme: Demirýollary” AGPJ

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Berlinde “InnoTrans 2024” atly giň göwrümli halkara ulag sergisi açyldy. Demir ýol puganyň senenamasyndaky möhüm waka hasaplanýan “InnoTrans” sergisine “Demirýollary” AGPJ-niň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Çäräniň çäginde “Demirýollary” AGPJ-niň hünärmenleri Ispaniýanyň “Talgo” wagon gurluşyk kompaniýasynyň, Fransiýaniň “Alstom” maşyngurluşyk kompaniýasynyň, Şweýsariýanyň “Stadler Rail” demirýol önümçilik kompaniýasynyň, Çehiýanyň Škoda Transportation” lokomotiw we otly önümçilik kompaniýasynyň şeýle hem Horwatiýanyň “TZV Gredelj” önümçilik kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirer.

Bu ýyl bu çärä 59 ýurtdan 2940-dan gowrak demir ýol tehnologiýasy, infrastruktura we jemgyýetçilik ulaglary pudagynda innowasion çözgütleri hödürleýän eksponentleri bir ýere jemländigini bellemelidiris.

Sergä gatnaşmak, türkmen hünärmenleri üçin aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi demir ýol ulaglary dünýäsindäki iň täze täzelikler we ösen tehnologiýalar bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şeýle täzelikler Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda we mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orun eýeläp biler.

Sanly tehnologiýa we ulag boýunça federal ministri doktor Wolker Wissing we “Messe Berliniň”iň baş direktory Dirk Hoffmann sergini dabaraly açdylar we pikir alyşmak we durnukly tehnologiýalary ösdürmek üçin serginiň ähmiýetini bellediler.

Sergi 27-nji sentýabra çenli dowam eder we wodorod otlylary we elektrobuslar ýaly 226 dünýä premýerasyny görkezer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026