Türkmen hünärmenleri maliýe gözegçiligi we derňewleri boýunça Gazagystanyň tejribesini öwrenýär


USAID-yň dolanrydyş boýunça taslamasy Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň esasy ministrlikleri we maliýe gözegçilik edaralary üçin Gazagystana okuw saparyny guradylar. Bu başlangyç pul bilen baglanyşykly jenaýatlara garşy göreşmekde, terrorizmi maliýeleşdirmekde, köpçülikleýin ýok etme ýaraglaryň ýaýradylyşynyň öňüni almakda we korrpusiýa garşy göreşmekde hukuklaryň berkidilmegine gönükdirilen.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Içeri işler ministrliginden, Adalat ministrliginden, Milli howpsuzlyk ministrliginden, Maliýe gözegçilikden hem-de Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan bolan gatnaşyjylar maliýe berjaý etmeleriniň netijeli strategiýasyny öwrenmek maksady bilen gazagystanly kärdeşleri bilen iş alyp bardylar. Wekiliýet Gazagystanyň milli töwekgelçilikleri bahalandyrmak usullary we çarçuwaly şertleri bilen tanyşyp, bölümçe tejribeleri we pudagara hyzmatdaşlyk baradaky maglumatlary öwrendi.
Maliýe gözegçiligi, bilelikdäki maliýe derňewleri, benefisiar eýeleriň kimligini kesgitlemek hem-de Astana Halkara maliýe merkeziniň üsti bilen wirtual aktiwleriň dolandyrylmagy maslahatlaşmalaryň esasy ugurlary boldy.
Şeýle-de wekiliýet korrupsiýa garşy göreşmegiň öňüni alyş usullary we aktiwleriň gaýtarylmagyny öwrenmek üçin Gazagystanyň Baş prokuraturasy we Korrupsiýa garşy agentligi bilen duşuşdy.
Bu sapar Türkmenistanyň korrupsiýa garşy we maliýe gözegçilik çarçuwalaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup, USAID-yň we ÝHHG-niň Merkeziniň sebitde gowy dolandyrmany we durnukly ösüşi öňe sürmekde ygarlylygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikdäki USAID-yň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşy” (GAT) taslamasy ýurtda dolandyryşy, kanun çykaryjylyk işini we durmuş-kdysady ösüşi goldamaga gönükdrilien. Açyk we inklýuziw dolandyryşy we hakyky maglumatlara esaslanan kanuna çykaryjylygy öňe sürmek bilen, GAT durnukly ykdysady we durmuş ösüşine ýol açýar.
ORIENT news







