HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwalyna Türkmenistanyň gatnaşmaklygy mälim edildi

Sentýabr 23, 2024 | 02:30 |10129
Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwaly özüne uly üns çekdi: 9 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 300 isleg habarlary geldi.Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwaly özüne uly üns çekdi: 9 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 300 isleg habarlary geldi.
Çeşme: blog.frame.io

Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwaly özüne uly üns çekdi: 9 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 300 isleg habarlary geldi.

Gatnaşmaga isleg bildiren ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Demirgazyk Kipriň Türkiýe respublikasy, Wengriýa we Demirgazyk Makedoniýa bar diýip, “Anadolu Agency” habar berýär.

Hödürlenen 300 işiň arasynda 147 film, ýagny deň ýarysy, emin agzalaryň deslapky garamagyna ugradyldy. Festiwalyň guramaçylary bolup Türki dünýäsiniň žurnalistler federasiýasy çykyş edip, olara Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Türki dünýäsiniň häkimiýet geňeşi, Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş boýunça Türk agentligi hem-de Daşary ýurtda türkleriň we Türkiýede olara ýakyn bileleşikleriň işleri boýunça Müdiriýeti goldaw berdi.

Festiwalyň dabaraly açylyşy Türkiýeniň paýtagty Ankara şäherinde TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda geçirilip, dürli ugurlar boýunça baýraklaryň gowşurylmagyny öz içine alar.

On sany film “doly metražly dokumental filmi”, “gyzga metražly dokumental filmi” hem-de “talyp dokumental filmi” ugurlar boýunça sylaglanylar.

Ýeňijileri dokumental filmleriň režissýorlaryndan we türki dünýäsiniň alymlaryndan ybarat bolan eminler topary kesgitlär. Dabaraly çäre we sylaglamak dabarasy 11-nji oktýabra meýilleşdirilen. Festiwal 15-nji noýabrda ýapylyş dabarasy hem-de jemleýji netijeleriň yglan edilmegi bilen tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026