Owganystanyň wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Aşgabatda BMG-niň syýasy geňeşçisi bilen duşuşdy


Türkmenistanda Owganystanyň ilçihanasy Owganystanyň wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Fazl Mohammad Sabiriň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Sebit merkeziniň syýasy geňeşçisi Anderý Lariniň arasynda geçirilen möhüm duşuşyk barada habar berdi.
Maslahatlaşmanyň barşynda Larin sebitiň ýurtlaryny goldamak we Owganystan bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly BMG-niň Merkeziniň esasy maskatlary barada aýratyn belläp geçdi. Ol esasan hem, toplumlaýyn ösüş, iri infrastruktura taslamalary we täze jemgyýetçilik başlangyçlary boýunça Owganystanda ýakynda bolup geçen oňat wakalaryny tassyklady.
Larin neşe serişdelerine garşy göreşiň, iş orunlarynyň döredilmeginiň wajyplygy barada belläp, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) taslamasynyň we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykdaky esasy infrastruktura başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi barada aýratyn belläp geçdi.
Sabir halkara bileleşigi bilen gatnaşyklaryň berkidilmeginde ykdysadyýete gönükdrilen syýasatyna Owganystanyň ygrarlylygyny tassyklady. Şeýle-de ol soňky üç ýylyň dowamynda Yslam Emiratynyň möhüm gazanalary, esasan hem, goňşy ýurtlar bilen, ilki başda Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady, ulag we üstaşyr gatnaşyklarynyň gowulandyrylmagynda ýetilen üstünlikleri barada beýan etdi diýip, “Ariana news” habar berýär.

Ozal şu hepde owgan DIM-i Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky geňeşmeleriň indiki mejlisine gatnaşmak üçin çakylyk alandygy we oňa gatnaşjakdygy barada habar berdi. Bu barada Kabulda geçirilen maslahatda taliplar tarapyndan döredilen Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň daşary işler ministri Amir Han Mottaki habar berdi.
Ýanwar aýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili, Russiýa DIM-niň ikinji Aziýa depatmanetniň müdiri Zamir Kabulow Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky işleriň 2024-nji ýylda dowam etdiriljekdigi barada habar berdi. Bu duşuşyklar däp boýunça ýylyň ikinji ýarymynda, güýzde geçirilýär. Owganystan boýunça Moskwa formatyndaky nobatdaky duşuşygy Russiýada öňdäki iki hepdäniň içinde geçiriler.
ORIENT news






