HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkmenistanyñ we Özbegistanyñ Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 22, 2024 | 20:10 |11838
Şu gün Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ we Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiñ arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirilip, Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlamak bilen oña berk jañ-saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.Şu gün Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ we Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiñ arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirilip, Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlamak bilen oña berk jañ-saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ we Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiñ arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirilip, Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlamak bilen oña berk jañ-saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti döwletara gatnaşyklarynyñ pugtalandyrylmagyna we olaryñ hemmetaraplaýyn ösdürilmegine öz ägirt uly goşandyny goşan türkmen halkynyñ Milli Liderine, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa öz gutlag sözlerini ýollady.

Söhbetdeşligiñ dowamynda iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklaryñ ýokary derejesi barada bellenilip, olaryñ ikitaraplaýyn formatda hem-de abraýly guramalaryñ çäklerinde alnyp barylýandygy barada nygtalyp geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyñ möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryñ ýakynlygy halkara giñişlike tagallalaryñ utgaşdyrylmagy üçin berk esas bolup durýar.

Döwlet Baştutanlary oba hojalyk, elektrik energiýasy, nebit we gaz, himiýa senagaty we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyñ mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Sebitleriñ arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulyp, parlament, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyñ we Özbegistanyñ arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryñ ösdürilmegine öz uly goşandyny goşýan Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlygyny bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026
Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

12:00 Iýun 25, 2026