Türkmenistan we "Huawei" sanly bilimiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew "Akyly güýçlendirmek" (Amplify Intelligence) şygary bilen geçýän “Huawei Connect – 2024” halkara forumyň çäklerinde Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen duşuşdy. Taraplar duşuşykda Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamyna okuw işlerini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge we mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän Huawei sanly platformalaryny sazlaşykly ornaşdyrmagyň wezipeleri barada aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
A.Ataýew "Huawei" kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we ylym-bilim ulgamy bilen bir hatarda jemgyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Ol, hususan-da, ýurtda bilim babatda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilişi we bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion sanly çözgütler barada maglumat berdi.
Bilim ministriniň orunbasary “Huawei Connect – 2024” atly forumyň sergisinde görkezilen bilim ulgamynda emeli aňy ahlak (etiki) taýdan ulanmagyň innowasion çözgütlerine hem-de forumda teklip edilen bilim babatda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini açýan Huawei ICT academy taslamasyna gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Kompaniýanyň wise-prezidenti bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň wajyplygyny belläp, hyzmatdaşlygyň okatmagy emeli aňyň, bulut tehnologiýalaryň we uly göwrümli maglumatlaryň esasynda dolandyrmagyň ulgamlaryny ulanmak ýaly esasy ugurlaryny aýratyn nygtady.
Şeýle hem, "Huawei ICT academy" taslamasynyň çäklerinde talyplara we mugallymlara halkara sertifikatlaryny almaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny bellediler.
ORIENT news






