HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Pekinde geçirilýän Parahatçylyk festiwalynda daşary syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Sentýabr 21, 2024 | 19:31 |10028
20-nji sentýabrda Pekiniñ Parahatçylyk seýilgähinde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanylyp 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. BMG-niñ başlangyjy bilen 2002-nji ýylyñ 21-nji sentýabryndan başlap her ýyl bellenilýän bu dabara köpsanly gatnaşyjylary ýygnady.20-nji sentýabrda Pekiniñ Parahatçylyk seýilgähinde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanylyp 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. BMG-niñ başlangyjy bilen 2002-nji ýylyñ 21-nji sentýabryndan başlap her ýyl bellenilýän bu dabara köpsanly gatnaşyjylary ýygnady.
Çeşme: mfa.gov.tm

20-nji sentýabrda Pekiniñ Parahatçylyk seýilgähinde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanylyp 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. BMG-niñ başlangyjy bilen 2002-nji ýylyñ 21-nji sentýabryndan başlap her ýyl bellenilýän bu dabara köpsanly gatnaşyjylary ýygnady.

Hytaý halk respublikasyndaky Türkmenistanyñ ilçihanasy ÝUNESKO-nyñ gatnaşmagynda Hytaýyñ halkara parahatçylyk gaznasy hem-de Pekiniñ Halkara parahatçylyk medeniýeti gaznasy tarapyndan gurnalan bu çäräni giñden goldady. Gatnaşyjylaryñ arasynda HHR-iñ hökümet wekilleri, diplomatlar, halkara guramalarynyñ ýolbaşçylary, şol sanda Arap döwletler Ligasy we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyñ ýolbaşçylary bardy.

21092024-turkmenistan-na-festivale-mira-v-pekine (3).jpg

Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew öz çykyşynda ýurduñ daşary syýasatynyñ esasy ugry bolan parahatçylygy we durnuklylygy goldamagyñ ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi. Ol beýik şahyr Magtymguly Pyragynyñ ündewleriniñ Türkmenistanyñ döwletleriñ arasynda ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmakdaky tagallalary bilen utgaşyk gelýändigi barada belledi. Şeýle-de ol BMG-niñ çäginde, Türkmenistanyñ başlangyçlary bilen tanyşdyrdy, şol sanda Bitaraplygyñ dostlary toparynyñ döredilendigi barada aýtdy.

21092024-turkmenistan-na-festivale-mira-v-pekine (2).jpg

Festiwalyñ çäklerinde Ýaşlaryñ arasynda geçirilen 6-njy Fotosurat bäsleşiginiñ ýeñijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara türkmen milli tagamlarynyñ hödürlenilmegi bilen baýramçylykly kabul edişlik bilen tamamlandy. Festiwal onlaýn görnüşinde YUNESKO-nyñ ýaýlymynda görkezilip, has giñ tomaşaçylar topary üçin bu möhüm waka goşulyşmaga mümkinçilik berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026