Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi


Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenko Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekili bilen duşuşdy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasy habar berýär.
Taraplar saýlaw pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we GDA gatnaşyjy ýurtlaryň saýlaw guramalarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky konsultatiw geňeşiniň mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy daşary ýurtly kärdeşlerine 18-21-nji sentýabr aralygynda Minskde geçiriljek Halkara saýlaw forumyna gyzyklanma bildirendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Biz özara gatnaşyklara we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga elmydama açykdyrys”- diýip, Igor Karpenko aýtdy.
ORIENT news








