HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"World Utilities Congress" maslahatynda Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça öz meýilnamalaryny hödürledi

Sentýabr 20, 2024 | 22:46 |13481
Türkmenistanyñ wekiliýeti 16-18-nji sentýabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirilen Jemagat kärhanalarynyñ bütindünýä kongressine (World Utilities Congress 2024) gatnaşdy.Türkmenistanyñ wekiliýeti 16-18-nji sentýabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirilen Jemagat kärhanalarynyñ bütindünýä kongressine (World Utilities Congress 2024) gatnaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyñ wekiliýeti 16-18-nji sentýabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirilen Jemagat kärhanalarynyñ bütindünýä kongressine (World Utilities Congress 2024) gatnaşdy.

Türkmenistanyñ wekiliýetine energetika ministriniñ orunbasary ýolbaşçylyk edip, onuñ düzümine Türkmenistanyñ DIM-niñ hem-de "Türkmengaz" Döwlet konserniniñ wekilleri girdi. Kongresse ministrlerden, syýasatçylardan, halkara guramalaryñ we işewürlik toparlarynyñ wekillerinden ybarat 90-dan gowrak ýurtdan 1400-e golaý wekil gatnaşdy. Kongress Arap suw maslahaty bilen bir wagtda geçirilip, ekologiýa meseleleri boýunça 100-den gowrak sessiýalardan ybarat boldy.

Türkmen wekiliýeti öñdebaryjy kompaniýalaryñ innowasion çözgütleri ýerleşdirilen energetika pudagynda iñ täze tehnologiýalar we jemagat hyzmatlaryna bagyşlanan sergä baryp gördidi. Ikinji gün bolsa "Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniñ kuwwatynyñ üç esse ýokarlandyrylmagy: meýillerden heteketlere" atly sessiýa geçirilip, onda ministriñ orunbasary Nurmämmet Nurmämmedow Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça öñde duran meýiller bilen tanyşdyrdy.

20092024-turkmenistan-na-world-utilities-congress (1).jpg

Şeýle-de Energiýanyñ gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiñ (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirilip, 2024-2025-nji ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda Türkmenistanyñ maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. La Kamera Tütkmenistany Bakuda geçiriljek COP-29 sammitiniñ çäklerindäki Energiýanyñ gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniñ ösdürilmeginde maýa goýumlar boýunça maslahata gatnaşmak üçin çagyrdy.

Kongressiñ soñky gününde türkmen wekiliýeti geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýanyñ ornuna we hususy böleginiñ çekilmegi bilen onuñ maliýeleşdirmegiñ usullaryna bagyşlanan sessiýa gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026