HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niñ Ýewropanyñ ykdysady komissiýasynyñ "Durnukly energetika hepdeligi-2024"-e gatnaşýar

Sentýabr 19, 2024 | 22:35 |10479
18-19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyñ wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niñ Ýewropanyñ ykdysady komissiýasynyñ (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiñ çäresine gatnaşdy. Dürli ýurtlaryñ ýokary wezipeli adamlary bu sessiýa gatnaşdylar.18-19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyñ wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niñ Ýewropanyñ ykdysady komissiýasynyñ (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiñ çäresine gatnaşdy. Dürli ýurtlaryñ ýokary wezipeli adamlary bu sessiýa gatnaşdylar.
Çeşme: Permanent Mission of Turkmenistan to the United Nations Office at Geneva

18-19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyñ wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niñ Ýewropanyñ ykdysady komissiýasynyñ (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiñ çäresine gatnaşdy. Dürli ýurtlaryñ ýokary wezipeli adamlary bu sessiýa gatnaşdylar.

Ýokarda agzalyp geçilen maslahata gatnaşmak üçin Ženewa gelen Türkmenistanyñ energetika ministriniñ orunbasary Serdar Saparow 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni "BMG-niñ ÝYK sebitinde adalatly geçiş üçin mümkinçilikleriñ kesgitlenilmegi" sessiýasynda çykyş etdi. Bu sessiýanyñ çäklerinde ýurtlaryñ ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine geçmek prosessinde öndebaryjy tejribä we bar bolan meselelere garaldy.

19092024-turkmenistan-uchastvuet-v-nedele-ustojchivoj-energetiki-eek-oon-2024 (1).jpg

19-njy sentýabr, penşenbe güni Türkmenistanyñ adyndan BMG-niñ Ženewadaky edarasynyñ yanyndaky ýurduñ Hemişelik wekili Wepa Hajiýew çykyş etdi. Ol Türkmenistanyñ ykdysadyýet syýasatynyñ esasy ugurlarynda durup geçip, 2025-nji ýylda SPEKA-da (BMG-niñ Merkezi Aziýanyñ ykdysadyýeti üçin Ýörite Maksatnamasy) ýurduñ başlyklyk etmeginiñ çäklerinde möhüm wezipeleriñ ähmiýeti barada belläp geçdi.

Ýurduñ ykdysady ösüş strategiýasynyñ möhüm bölegi bolan durnukly energetikany ösdürmek we tebigy baýlyklary rejeli ulanmak boýunça Türkmenistan uly işleri amala aşyrýandygy barada bellenildi. Hususan-da, Wepa Hajiýew energetika pudagynyñ diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa ugry boýunça innowasion tehnologiýalaryñ ornaşdyrylmagyna we taslamalaryñ ösdürilmegine aýratyn üns çekdi diýip, Ženewadaky BMG-niñ edarasynyñ ýanyndaky Türkmenistanyñ Hemişelik wekilhanasy habar berdi.

19092024-turkmenistan-uchastvuet-v-nedele-ustojchivoj-energetiki-eek-oon-2024 (3).jpg

Sessiýa çekişme bilen tamamlanyp, oña gatnaşyjylar energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiñ ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de durnukly ösüş boýunça taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribe alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026