HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Sentýabr 19, 2024 | 21:40 |9306
19-njy sentýabrda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew  Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.19-njy sentýabrda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew  Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyñ Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

19-njy sentýabrda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljak bilelikdäki sergileri we pudagara wekiliýetleriniñ ikitaraplaýyn saparlaryny guramak mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdiler. Georgiý Werşina "Politehnik" tehnologiýa parkynyñ gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, onuñ metallaryñ işlenilip taýýarlanylmagy, trawmotologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa we onkologiýa ýaly ugurlarda innowasion kärhanalaryny döretmek we olary goldamak boýunça wezipesi barada aýratyn belläp geçdi. Şu günki gün tehnopark tarapyndan 69 patent hasaba alyndy we 50-den gowrak innowasion tehnologiýalar işlenilip düzüldi.

19092021-turkmenistan-s-belorusskim-tehnoparkom-politehnik (1).jpg

Öñdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we öz ylmy barlaglaryny ösdürmegi maksat edinýän Türkmenistan üçin "Politehnik" ýaly halkara tehnologiýa parklary bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm wezipe bolup durýar. Halkara sergilerine gatnaşmaklyk bolsa hyzmatdaşlaryñ we üpjün edijileriñ hem-de ýurda maýa goýumlaryñ çekilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşygyñ ahyrynda tehnoparkyñ ýolbaşçylary tarapyndan "Politehnigiñ" gazanan üstünliklerini we ylmy-tehniki işini açyp görkezýän wideo ýazgy görkezildi. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyñ ählumumy innowasion giñişligine goşulyşmagynda hem-de geljekki tehnologiki taslamalary üçin netijeli ekoulgamynyñ döredilmeginde möhüm ädim boldy.

Işiñ bu ugry ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açyp, ylma we tehnologiýa bolan gyzyklanmany ösdürmek bilen Türkmenistanyñ halkara innowasion hereketiniñ işjeñ gatnaşyjysy hökmündäki ornuny has-da berkidýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

18:21 Oktýabr 01, 2026
Maliýe we ykdysadyýet ministri TIF 2026 forumynda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijilerini beýan etdi

Maliýe we ykdysadyýet ministri TIF 2026 forumynda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijilerini beýan etdi

18:18 Oktýabr 01, 2026
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026