HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Wenada IAEA-nyñ başlygy Rafael Grossi bilen duşuşdy

Sentýabr 19, 2024 | 00:15 |13661
Türkmenistanyñ daşary işler ministriniñ orunbasary Mähri Bäşimowanyñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti     Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiñ Baş Konferensiýasynyñ 68-nji sessiýasyna gatnaşyp, 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni IAEA-nyñ Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy.Türkmenistanyñ daşary işler ministriniñ orunbasary Mähri Bäşimowanyñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti     Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiñ Baş Konferensiýasynyñ 68-nji sessiýasyna gatnaşyp, 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni IAEA-nyñ Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyñ daşary işler ministriniñ orunbasary Mähri Bäşimowanyñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiñ Baş Konferensiýasynyñ 68-nji sessiýasyna gatnaşyp, 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni IAEA-nyñ Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy.

Duşuşygyñ dowamynda lukmançylyk, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda atom energiýasynyñ parahatçylykly ulanylyşyna aýraryn üns berildi diýip, türkmen DIM-niñ habarlarynda aýdylýar.

Möhüm ugurlaryñ arasynda onkologiýa kesellerine garşy göreş kesgitlenildi. Munuñ bilen baglylykda, bilelikdäki hereketlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyñ ImPACT maksatnamasy barada bellenildi. IAEA-nyñ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyñ Çarçuwaly Maksatnamasynyñ işlenilip taýýarlanylmagy barada pikirler alşyldy.

Wena amala aşyrylan saparyñ dowamynda Mähri Bäşimowanyñ Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.

19092024-turkmenskaya-delegaciya-vstretilas-s-rafaelem-grossi (2).jpg

Taraplar hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda ýaşlaryñ arasynda CTBTO barada habarlylygy ýokarlandyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, CTBTO tarapyndan gurnalýan seminarlara we okuwlara milli bilermenleriñ gatnaşmagy hem-de tehniki goldaw bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu hepde, 16-20-nji sentýabr aralygynda Awstriýanyñ Wena halkara merkezinde IAEA-nyñ Baş Konferensiýasynyñ 68-nji sessiýasy geçirilip, onda ýokary wezipeli resmi adamlar we IAEA-nyñ agza-döwletleriniñ wekilleri birnäçe möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşýarlar.

19092024-turkmenskaya-delegaciya-vstretilas-s-rafaelem-grossi (3).jpg

Türkmenistanyñ daşary işler ministriniñ orunbasary Mähri Bäşimowa sessiýanyñ umumy mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyñ IAEA bilen işjeñ hyzmatdaşlygynyñ netijesinde dürli ugurlar boýunça dürli derejedäki geñeşmeleri geçirmek tejribesiniñ ýola goýulandygy barada belledi. Türkmenistan tarapyndan edilýän tagallalaryñ ählisi ýurdumyzyñ ileri tutulýan ugurlar boýunça Agentlik bilen hyzmatdaşlygy berkitmek isleginiñ şaýady bolup durýar. Şeýle-de kadalaşdyrylyş-utgaşdyrylyş işiniñ kämilleşdirilmegi we kuwwatynyñ ýokarlandyrylmagy ýaly esasy wezipeleriñ amala aşyrylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

Özbegistan iki obany Gyrgyzystana berdi we Gazagystana ýer çalşygy teklip etdi

22:05 Iýun 24, 2026
Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

Türkmen dizaýneri Tanger Fashion Week 2026 moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny hödürledi

22:00 Iýun 24, 2026
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026