HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusselde bilelikdäki “ÝB-niň komiteti – Türkmenistan” mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Sentýabr 17, 2024 | 01:10 |9621
Şu ýyl Brýusselde ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan “Ýewropa Bileleşiginiň komiteti – Türkmenistan” bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek üçin esas bolar.Şu ýyl Brýusselde ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan “Ýewropa Bileleşiginiň komiteti – Türkmenistan” bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek üçin esas bolar.
Çeşme: orient.tm

Şu ýyl Brýusselde ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan “Ýewropa Bileleşiginiň komiteti – Türkmenistan” bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek üçin esas bolar.

Bu mejlisiň we beýleki çäreleriň taýýarlyk işleriniň çäklerinde Belgiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow ýakynda Halkara gatnaşyklaryň Ýewropa gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Müdiriýetiniň ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Lýuk Dewin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda mejlisiň guramaçylyk işleri we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de Brýussele bilim ulgamy babatynda ýörite türkmen wekiliýetini amala aşyrmak boýunça guramaçylyk işleri barada maslahatlaşyldy. Bu sapar bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we bu pudak boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen.

Duşuşykda geçirilen maslahatlaşmalar Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda ösen sebitara hyzmatdaşlygy we ulag pudagy boýunça geçiriljek çärelerde Türkmenistanyň ähmiýetli orny barada aýratyn bellenilip geçildi. Mundan başga-da, Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşyklaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa formatyndaky ulag we daşary işler ministrleriniň mejlisleriniň geçirilmegi meýilleşdirilen diýlip, Belgiýadaky türkmen Ilçihanasynyň saýtynda bellenilýär.

Bu başlangyçlar strategiki hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi we sebitleriň arasyndaky gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026