HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingde 2024-Maýa goýum maslahatynyň we sebitleýin taslamalarynyň ähmiýeti kesgitlenildi

Sentýabr 16, 2024 | 21:00 |10861
Duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-nde 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Maýa goýum maslahatynyň we sergisiniň (TIF-2024) netijeleri boýunça brifing geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdy.Duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-nde 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Maýa goýum maslahatynyň we sergisiniň (TIF-2024) netijeleri boýunça brifing geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-nde 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Maýa goýum maslahatynyň we sergisiniň (TIF-2024) netijeleri boýunça brifing geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow dürli ýurtlaryň döwlet işgärlerini, maliýe institutlaryny we köpsanly kompaniýalaryny birleşdiren maslahatyň üstünligi barada aýratyn belläp geçdi. Maslahat Türkmenistanyň senagat-innowasiýa ösüşinde ähmiýetli orna mynasyp bolup, özara bähbitli maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açyp berdi.

Maslahatyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmakdan başga-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň möhüm energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň ýakynda geçirilen düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralaryna aýratyn üns berildi. Bu dabaralar Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Hindistanyň we Hytaýyň Ilçileri, Owganystanyň ilçihanasynyň wekili we halkara guramalarynyň edara ýolbaşçylary brifingde eden çykyşlarynda Türkmenistanyň edýän tagallalary ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmek bilen deň derejede sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigi barada aýratyn bellediler. Bu amala aşyrylýan işler Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen hem-de Türkmenistanyň ýokary maýa goýum kuwwatynyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň 2024-Maýa goýum maslahaty ýurtda geçirilýän möhüm özgerişliklerini açyp görkezmekde ähmiýetli meýdança öwrüldi. Onuň ýokary derejede geçirilmegi Türkmenistanyň durnukly ösüş we innowasion taslamalar ugrundaky tagallalaryny açyp görkezdi. Täze infrastruktura başlangyçlary we maýa goýum mümkinçilikleri daşary ýurtly maýadarlaryň ünsüni çekip, sebit we dünýä arenasynda Türkmenistanyň strategiki ähmiýetli hyzmatdaş hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026