HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa-Germaniýa sammitine gatnaşar

Sentýabr 17, 2024 | 11:20 |9050
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyna ugrady.Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyna ugrady.
Çeşme: orda.kz

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyna ugrady.

Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde “Merkezi Aziýa - Germaniýa” sammitine gatnaşyjy-ýurtlaryň baýdaklary ýokary göterilip, türkmen döwletiniň Baştutanyny uçaryň öňünde dostlukly goňşy ýurduň premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar hem-de ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar diýip, “TDH” habar berýär.

Sammitiň barşynda sebitiň ýurtlarynyň Germaniýa bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Söwda-ykdysady, maýa goýum, tehnologiýa, ulag-aragatnaşyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň tejribe işleriniň giňeldilmegine aýratyn üns beriler. Şeýle-de Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

“Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatyndaky ilkinji sammit geçen ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026