Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Olaf Şols bilen duşuşyk geçirdi

Sentýabr 17, 2024 | 12:40 |14066
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatynda ýokary derejedäki ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatynda ýokary derejedäki ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatynda ýokary derejedäki ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygynyň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dostlukly ýurduň hökümetiniň başlygyna gutlag sözlerini beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Germaniýa” dialogynyň barşyndaky Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen şu günki ilkinji ikitaraplaýyn duşuşygy türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk ösdürilmegine mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi diýip, “TDH” habar berýär.

Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň hökümet Başlygy öz gezeginde hem türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmekde öz ägirt uly goşandyny goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk berkitmekde öz ýurdunyň gyzyklanma bildirýändigi barada belläp geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 90 şertnamasyny we ylalaşygyny öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýan yzygider we uzakmöhletleýin esasda ösdürilýändigi barada belledi.

Ikitarplaýyn ykdysadyýet günleriniň, işewür maslahatlarynyň we ykdysadyýet sergileriniň yzygider häsiýetini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin tagallalary edýän Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň we German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň ähmiýetli orny barada nygtap geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026
Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

18:54 Awgust 12, 2026
PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

18:48 Awgust 12, 2026