HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen oba hojalyk instituty «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara bäsleşigini yglan edýär

Sentýabr 17, 2024 | 12:10 |11087
Türkmen oba hojalyk instituty 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine talyplaryňyzy gatnaşmaga çagyrýar diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.Türkmen oba hojalyk instituty 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine talyplaryňyzy gatnaşmaga çagyrýar diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen oba hojalyk instituty 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine talyplaryňyzy gatnaşmaga çagyrýar diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Bäsleşigiň maksady – talyplary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan, oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak ýaly oba hojalygynyň möhüm meselelerini özbaşdak çözmeklige çekmeklik bilen, olaryň ylmy taýdan pikirleniş, ylmy-barlag ukyplaryny we döredijilikli çemeleşme endiklerini ösdürmek bolup durýar.

Bäsleşigiň wezipeleri: oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak boýunça talyplaryň bilimlerini giňeltmek; ylmy çemeleşmeler boýunça talyplaryň düşünjelerini çuňlaşdyrmak we olary oba hojalyk meselelerini çözmekde ulanmaklygyny gazanmak; talyplary Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde oba hojalygynyň orny bilen tanyşdyrmak; oba hojalygynyň meselelerini ýüze çykarmak we seljermek arkaly talyplarda pikirleniş we ýüze çykýan meseleleri gysga wagtda çözmeklik ukyplaryny ösdürmek; talyplarda durnukly ösüş babatynda jogapkärçilik duýgylaryny terbiýelemek; oba hojalyk pudagy üçin innowasion we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak; talyplaryň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) babatynda gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak.

Bäsleşigiň ugurlary:

  1. Oba hojalyk taslamalary
  2. IT-taslamalary
  3. Işewürlik taslamalary

Taslamanyň ýazgysyna we prezentasiýasyna bildirilýän talaplar hem-de talyplaryň ylmy-taslama işleriniň baha beriş görkezijileri barada maglumatlar bilen düzgünnamada giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.

Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri institutyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

Habarlaşmak üçin:

Türkmen oba hojalyk instituty,

tel: (+993322) 9-27-47;

faks: (+993322) 9-27-48

e-mail: tohi_tm@sanly.tm;

tohi.tm.info@gmail.com

baba.kur@gmail.com

Has giňişleýin maglumat bilen institutyň saýtynda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026