HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BSG ýurduň agzalygy boýunça taýýarlyk hereketlerini utgaşydyrdylar

Sentýabr 16, 2024 | 21:55 |8862
Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak boýunça departament müdiri Maýk Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar zerur bolan çäreleriniň esasy tapgyrlaryny we meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň BSG-niň agzalygyna girmeginiň taýýarlyk işlerini utgaşdyrdylar.Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak boýunça departament müdiri Maýk Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar zerur bolan çäreleriniň esasy tapgyrlaryny we meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň BSG-niň agzalygyna girmeginiň taýýarlyk işlerini utgaşdyrdylar.
Çeşme: wto.org

Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak boýunça departamentiň müdiri Maýk Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar zerur bolan çäreleriniň esasy tapgyrlaryny we meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň BSG-niň agzalygyna girmeginiň taýýarlyk işlerini utgaşdyrdylar.

Duşuşygyň esasy ugurlary:

Duşuşykda Türkmenistanyň BSG-niň agzalygyna girmeginiň taýýarlyk işleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar taýýarlyk çärelerini, şol sanda daşarky söwda tertibi boýunça Ähtnamanyň işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirmek babatda häzirki işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu resminama geljekki gepleşikler we hyzmatdaşlyk üçin düýpli esas bolar.

Gurama girmek üçin taýýarlyk işler:

Türkmenistan Guramanyň standartlaryna laýyk gelýän gerekli hukuk we ykdysady gurallarynyň döredilmegini we olaryň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan içerki taýýarlyk çäreleriniň üstünde işleýär. Bu babatda ýurduň BSG-niň agzalygyna girmeginiň meseleleriniň öwrenilmegi bilen meşgullanýan Pudagara hökümet komissiýasynyň işi ähmiýetli orun eýeleýär.

Agzalygyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary:

BSG-niň agzasy bolmak Türkmenistan üçin ählumumy bazarlaryna çykmak mümkinçiligini berip, daşary ykdysady iş üçin täze ýollary açyp berer. Bu Guramanyň agzasy bolmak bilen maýa goýum ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam edip, halkara maýa goýumlarynyň çekilmegine we ykdysady ösüşe mümkinçilik berer. Şeýle-de ol söwda gatnaşyklarynyň açyklygyny üpjün eder, hukuk kepillikleri berkidip, söwda dawalaryny halkara derejesinde çözmegiň gurallaryny üpjün eder.

2020-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistana BSG-niň gözegçi derejesi berildi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa – Gurama goşuljak ýurduň derejesi (işjeň gözegçi) berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026