HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazanda Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy

Awgust 26, 2024 | 15:06 |8888
“Kazan Expo” Halkara sergi merkezinde Russiýanyň nebitgaz pudagyndaky iň uly halkara çäreleriniň biri bolan Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy.“Kazan Expo” Halkara sergi merkezinde Russiýanyň nebitgaz pudagyndaky iň uly halkara çäreleriniň biri bolan Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy.
Çeşme: evening-kazan.ru

“Kazan Expo” Halkara sergi merkezinde Russiýanyň nebitgaz pudagyndaky iň uly halkara çäreleriniň biri bolan Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy.

Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow forumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, respublikanyň döwlet edaralarynyň portaly habar berýär.

Forumyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Tatarystanyň Raisi häzirki wagtda ylmy we tehnologiki mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň we respublikanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň aýratyn möhümdigini belledi. Şeýle hem Rustam Minnihanow forumyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek we dünýä ykdysadyýetindäki geosyýasy üýtgeşmeleriň netijelerini ýeňip geçmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp meýdança boljakdygyna umyt bildirdi.

Bu ýyl forum Tatarystanda ylmy we tehnologiki ösüş ýylyna bagyşlanýar.

Forumyň çäklerinde 200-den gowrak öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryny bir ýere jemleýän däp bolan “TatOilExpo-2024” halkara sergisi geçirilýär. Gatnaşanlaryň geografiýasy Russiýanyň 20-den gowrak sebitini, şeýle hem Belarus Respublikasyny, Gazagystan Respublikasyny, Türkmenistany, Özbegistany we Saud Arabystany Patyşalygyny öz içine alýar.

Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumynyň çäginde “Gazprombank” paýdarlar jemgyýetiniň iş ertirligi, “Uglewodorodlaryň mineral-çig mallary gaýtadan işlemek üçin häzirki zaman çagyryşlary we ileri tutulýan meseleleri çözmegiň ýollary” atly umumy mejlis, gurluşyk pudagynda, ýol gurluşygynda we beýleki pudaklarda respublikanyň nebithimiýa önümleriniň ulanylyşyny giňeltmek boýunça mowzuklaýýyn tegelek stollar bolar.

Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy 28-nji awgusta çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026