Beýik Hytaý diwarynda dron arkaly eltip-berme hyzmaty girizildi


Pekinde Beýik Hytaý diwarynyň Badalin böleginde dron arkaly çalt eltip-berme hyzmatynyň ilkinji ugry girizildi. Bu barada Badalin syýahatçylyk zolagynyň dolandyryşyna salgylanyp, China Daily habar berýär. Şeýlelikde, syýahatçylar gysga wagtyň içinde tomusky gumanitar kömegini we ilkinji zerurlyklaryny alyp bilerler. Beýik Hytaý diwarynyň Badalin günorta dokuzynjy gözegçi diňi täze ugur üçin başlangyç nokat bolup hyzmat edýär. Gelýän adamlar üçin 2023-nji ýylyň ahyrynda açylan bu ýer, arassa howada gezelenç etmekde, Beýik Hytaý diwaryny synlamakda we fotosurat almakda uly meşhurlyga eýedir.
Bu ýer ajaýyp abadanlaşdyrma we gozgalmadyk binagärlik keşbi bilen häsiýetlendirilýär. Diňe bu ýerde söwda nokatlary goýulmandyr.
Bu meseläni çözmek üçin Badalin syýahatçylyk zolagynyň dolandyryşy çalt eltip-berme meýdançalarynyň biri bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşdy. Syýahatçylar naharlary eltip-berme meýdançasynda sargytlaryny ýerleşdirmek üçin ykjam telefonlary bilen QR-kody skanerden geçirmeli. Harytlar dron arkaly 5 minutyň içinde eltip beriler. Öň bolsa nokada çenli pyýada bir gatnawyň dowamlylygy 50 minuda barabardy.
Gaýdyşyn ýolugruna bolsa dronlar zibilleri ýygnamakda hem kömek edip bilýäler. Bu bolsa Beýik Hytaý diwarynyň hyzmat ediş işgärleriniň zähmet sarp edişlerini azaldyp biler.
Beýik Hytaý diwarynyň umumy uzynlygy 20 müň km bolup, ol özara baglanyşykly köpsanly böleklerden ybaratdyr. Olar welaýat derejesindäki 15 sany ýeri, şol sanda Pekiny, Hebeý welaýatyny, demirgazykda Içerki Mongoliýa awtonom welaýatyny, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Gansýu welaýatyny we Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatyny öz içine alýar.
ORIENT news








