Merkezi Aziýanyň lukmanlary Sian oftalmologiýa kompaniýasyna baryp gördüler


Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş milli komissiýasynyň Halkara tejribe aylş we hyzmatdaşlyk merkezi türkmenistanly we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oftalmolog-bilermenlerini we saglygy goraýyş pudagynyň wezipeli işgärlerini tanyşdyrylyş sapary bilen Sianda ýerleşýän "Eyedeal Medical Technology Co., Ltd." kompaniýasyna çagyrdy.

Merkezi Aziýaly hünärmenler barlaglar, oftalmologiýa enjamlarynyň we esbaplarynyň işläp taýýarlamalary we öndürilişi bilen meşgullanýan ýokary tehnologiýaly kärhananyň işi bilen ýakyndan tanyşyp, täze materiallaryň we innowasiýalaryň işläp taýýarlamalarynda soňky gazananlar barada maglumat aldylar. Olar ýokary takykly lukmançylyk desgalarynyň artykmaçlyklaryna we hiline ýokary baha berip, degişli önümleriň aýratynlygynyň öwredilişi babatynda ylmy barlagçylar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň lukmançylyk wekiliýetiniň bilermenleri bu saparyň olarda Hytaýyň kärhanalarynyň innowasion ruhy babatynda uly täsir galdyrandygyny, şeýle-de Hytaý bilen lukmançylyk tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan islegleri barada bellediler. Iki tarap hem ähli ýurtlaryň adamlaryna peýda getirmekde we göz keselleriniň meselelerini bilelikde çözmekde has ýakyn we giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna ynam bildirdiler.

Sapar geçen hepde amala aşyrylyp, şol bir wagtyň özünde kompaniýa içerki ynsanperwer maksatnamasynda we “Bir guşak – bir ýol” ýurtlarynda ulanmagyň çäklerinde Hytaýyň "Health Express Foundation" fonduna 5000 ýokary netijeli intraokulýar linzalaryny mugt gowşurjakdygy barada aýdyp geçdi. Intraokulýar linzalaryň bu tapgyry katarakta keselinde mugt operasiýalaryň geçirilmeginde ulanylar. Bu bolsa Hytaýda we daşary ýurtlarda köpsanly näsaglara göz görüjiligini dikeltmäge mümkinçilik berer.

“Xi’an Yandele we Merkezi Aziýadaky kärdeşlerimiziň arasynda hyzmatdaşlyk köprüsini gurmakda hem-de özara bähbitli “Saglyk ýüpek ýoluny” döretmekde biz bu mümkinçiligi ulanmaga umyt edýäris” – diýip, Merkezi Aziýanyň lukmançylyk wekilleriniň gatnaşmagyndaky dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş milli komissiýasynyň Halkara tejribe aylş we hyzmatdaşlyk merkeziniň direktorynyň orunbasary Hu Meýsi belledi.
“Saglyk ýüpek ýoly” taslamasynyň çäklerinde hytaýly oftalmologlar Gyrgyzystana we Özbegistana ýerli näsaglaryň katarakta keselini aýyrmak boýunça operasiýalarynyň müňlerçesini geçirmek üçin baryp gördüler.
ORIENT news








