Eýran we Türkmenistan ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenýär


"ISNA" habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň Ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen üç günlük duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tenologiýalar uniwersitetiniň wekilleri iki ýurduň ylmy kuwwatyny ösdürmekde we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň giň ýol açjakdygyny bellediler.
Türkmen hünärmenleri nebit-himiýa, elektron we beýleki ugurlar boýunça Meşhediň Ylmy-tehnologiýa parkynyň mümkinçilikleri bilen tanyşyp, innowasiýa we tehnologiýa babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Ylmy, barlag we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, iki ýurduň arasynda bilim we tejribe alyşmak, innowasion ekoulgamynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň we “Horasan” Ylmy-tehnologiýa parkynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmek teklip edildi.
Iki goňşy ýurduň geografiýa aýratynlyklary we zerurlyklary sebäpli dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri barada, häzirki wagtda bar bolan serişdeleriň, energiýanyň we torlaryň kömegi bilen tehnologiýa ösüşi, bilelikdäki barlag taslamalarynyň we işläp taýýarlamalaryň durmuşa geçirilmegi, startaplaryň döredilmegi üçin giň mümkinçilikleriň dörediljekdigi bellenildi. Innowasiýa we tehnologiýa ösüş merkezleriniň döredilmegi, bilelikdäki seminarlaryň geçirilmegi we bu pudaga iki ýurduň maýadarlarynyň çekilmegi hyzmatdaşlygyň beýleki esasy maksatlarydyr.
Häzirki wagtda “Horasan” Ylmy-tehnologiýalar parkynda maglumat tehnologiýalar, azyk senagaty, oba hojalyk, lukmançylyk enjamlary we beýleki pudaklar boýunça 475 kompaniýa hereket edip, onda 6 müňe golaý adam zähmet çekýär.
ORIENT news








