Aşgabatdaky "çagalyga syýahat" portaly 22-nji awgusta çenli açykdyr: myhmanlarda galan täsirli duýgular


“KidsExpo: ähli zat çagalar üçin” Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy türkmen paýtagtynyň şäher durmuşynda ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Ilkinji gününden başlap, bu sergi köpsanly adamlary, şol sanda iň ýaşajyk myhmanlary özüne çekdi. Dört gün dowam etjek marafonuň açylyş dabarasyna (sergiň maksatnamasyna laýyklykda çagalar üçin köpdürli güýmenjeler garaşýar) ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçileri hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem bar. Ol biz bilen öz ýürek buýsanjyny paýlaşdy:

— Men bu ajaýyp baýramçylyga gatnaşýandygyma örän şat, sergi bilen tanyşmak diýseň özüne çekiji boldy. Muny çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň iň möhüm wakalarynyň biri diýip aýdyp bileris. Ýakyn wagtda okuw ýyly hem başlanýar. Bu bolsa ene-atalar we çagalar üçin köpsanly harytlaryň içinden göwünlerine ýaranlary saýlap alyp, mekdep başlamaka gerekli ähli okuw esbaplaryny bir ýerde almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de men Türkmenistanyň ähli çagalaryny okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýüregimden gutlap, olara uly üstünlikleri we ýagty geljegi arzuw edýärin!
Hakykatdan hem, bu sergi-ýarmarkasy diňe bir çaga harytlarynyň we hyzmatlarynyň görkezilişi däl-de, eýsem şadyýan oýunlaryň we öwrediji sapaklaryň meýdançasydyr. Bu bolsa kiçi synpdaky okuwçylaryň mekdebe “gaýdyp barmaklaryny” täsin, ene-atalar üçin bolsa, ýadawsyz ýagdaýda geçirmegine mümkinçilik berýär. Bular suratlardan hem bellidir...

Biziň indiki söhbetdeşimiz – Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok. ORIENT-iň habarçysy onuň bilen “Goç Ýigit” brendiniň çagalar üçin niýetlenen “Oguzlar” kolleksiýasynyň moda görkezilişiniň dowamynda söhbetdeş boldy.

— Sözümiň başynda bize şular ýaly dabaraly çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygymyzy bildirýäris. Ähli zat çagalar üçin! Elbetde, bu serginiň şeýle atlandyrylmagynyň özünde uly many bar. Bu ýerdäki ähli pawilýonlary synlamak bilen doganlyk ýurtda ýaş ösüp gelýän nesliň okamaga we hemmetrapalaýyn kämilleşmäge ähli şertleriň döredilendigine göz ýetirýärsiň. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Sebäbi çagalar – biziň geljegimizdir. Olar ähli gowy zatlara mynasypdyr!

Sergä gatnaşyjylarda meşhur şahyr Hemra Şirowyň çykyşy uly täsir galdyrdy. Ol şahsyýetiň kemala gelmeginde kitabyň orny barada belläp geçdi. “Biziň döwrümizde kitaplar munuň ýaly kän däldi, käbir kitaplary biz zordan tapyp okaýardyk. Häzirki döwürde bolsa olaryň sany sanardan köp” – diýip, şahyr çagalary kitaplary gowy görmäge çagyryp, olaryň ene-atalaryna bolsa çagalaryň ir ýaşdan kitap okamak höwesini döretmegi ündedi.

Saglykly iýmitlenmek hem çaga ösüşiniň esasy faktorlarynyň biridir. Bu barada ýakynda ýurdumyzda söwda wekilhanasyny açan “Vertera” kompaniýasynyň wekili Irina Slastina öz çykyşynda belläp geçdi. Irinanyň enäniň we çaganyň saglykly iýmitlenmek boýunça peýdaly maslahatlary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. ORIENT bilen bolan söhbedinde ol:

“Biz bu sergide öz eko-önümlerimiz bilen çykyş edýänligimize diýseň şat. Biziň tekliplerimiz siziň ýurduňyzda uly gyzyklanma döretjekdigine biz ynanýarys. Maňa kompaniýamyzyň adyndan bu şatlykly günde çykyş etmäge hm-de bu ajaýyp çagalyk şüweleňine gatnaşmaga döredip berlen mümkinçilik üçin guramaçylara öz minnetdarlygymy bildirýärin” – diýip, aýtdy.
Hakykatdan hem, serginiň bu şatlykly ýagdaýynda hyýýalarymyz bilen öz çagalyk döwrümize gaýdyp gelmezçe-de däl... Bu ýerdäki ähli ulular muny duýandyrlar, muny olaryň gözlerinden aňmak bolýar. Çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmegini synlap, olar sähelçe wagt bolsa hem özlerini çaga ýaly duýdular. Dogurdan-da, sergide şeýle mümkinçilikden başga ähli zat bardy...

Mundan başga-da sergä biziň ýurdumyzda köp wagtyň dowamynda hereket edýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň ýanyndaky Amerikan Merkezi hem gatnaşýar. Merkeziň wekili onuň işiniň ugurlary barada aýdyp, her ýyl Amerikan Merkeziniň maksatnamalary, çäreleri we serişdeleri bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň artýandygyny belläp geçdi.

Biziň iň ýaş söhbetdişimiz aşgabatly 4-nji synp okuwçysy Taryk Ataýew boldy. Haçan-da biz oglanjyga sorag bermäge kakasyndan rugsat soranymyzda, Taryk biziň elimizden tutup, Futbol Federasiýasynyň pawilýonyna eltdi. Reportaž üçin ol hut şu ýeri saýlady.

“Men bu gün bu ýere kakam bilen geldim we ýene gelesim gelýär. Bu ýerde örän köp gyzykly zatlar bar. Dostlarym bilen köp zatlary oýnadym. Futbol oýnamany gowy görýärin” – diýip, Taryk begenjini paýlaşdy.
Bu sözlerden soň ol pökgini aýagyna alyp: “KidsExpo! Türkmen futboly – super!” diýip gygyrdy. Belki-de, Taryk geljekde futbolçy bolar...
Sergide gurnalan çäreler çagalara hem-de öz çagasynyň gyzyklanmalaryny we höwesini goldaýan onuň ene-atalaryna diýseň ýarady. Ähli gatnaşyjylaryň gözleriniň nur saçyşy, ýüzlerindäki ýylgyryşlary we ýaňlanýan sesleri örän buýsandyryjydy.
Eger-de siz entek sergä baryp görmedik bosaňyz, ýene üç günüňiz bardyr: "çagalyga syýahat" portaly 22-nji awgusta çenli açykdyr.





ORIENT news








