Aşgabatda ýylyň ahyrynda Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirildi


12-nji awgustda Awazada Halkara Hazar gününe bagyşlanylyp geçirilen Maslahatynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň ynanylan wagtlaýyn wekili Pýotr Şýukin çykyş edip, ýylyň ahyrynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy.
Häzirki wagtda 9 sany bäştaraplaýyn döwletara ylalaşyklaryndan we teswirnamalaryndan ybarat bolan sebit hyzmatdaşlygynyň täsirli hukuk binýady döredildi. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda birnäçe resminamalar işlenililp taýýarlanylýar ýa-da gol çekilmäge taýýar tapgyryndadyr.
“Hazar sebitiniň geostrategiki, syýasy, serişdeleýin, ulag we syýasy mümkinçiligini hasaba almak bilen, onuň Ýewraziýanyň ýüreginde ýerleşen möhüm birleşdiriji güýç hökmündäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Häzirki wagtda ösüşi üçin göwrümli işleriniň alnyp barylýan Hazar sebitiniň ähli döwletleriniň çäginden geçýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti hem ýokarlanýar” – diýip, Şýukin belledi.
“Hazarýaka döwletleriniň öňünde duran wezipeleriniň netijeli çözülşi bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň yzygiderli institutlaşdyrylmagyny, şol sanda Hazar Geňeşini döretmek baradaky Russiýanyň teklibiniň durmuşa geçirilmegini talap edýär” – diýip, ynanylan wagtlaýyn wekil belledi. 12-nji awgustda Halkara Hazar güni bellenildi. Bu sene bäş sany Hazarýaka döwletleriniň (Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň) bilelikdäki uly üstünlikleriniň alamaty hökmünde möhüm orun eýeleýär. Hut şol gün 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) güýje girizildi. Bu bolsa kenarýaka ýurtlarynyň tebigaty goramak pudagy boýunça hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, Hazaryň ekoulgamyny toplumlaýyn gorap saklamak boýunça halkara-hukuk borçnamalar ulgamyny döretmekde, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim boldy.
2018-nji ýylyň şol gününde Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyna – Hazar sebitiniň özboluşly “Konstitusiýasyna” gol çekildi. Onda Hazar “bäşliginiň” işiniň we ylalaşyklarynyň esasy ýörelgeleri göz öňünde tutulan. Olaryň arasynda: Hazar deňzi we onuň serişdeleri babatynda diňe şu ýurtlaryň ygtyýarly hukuklary; Hazara degişli meseleleri çözmekde olaryň aýratyn ygtyýarlyklary; bu özboluşly suw howdanyny bilelikede netijeli dolandyrmak hem-de ony geljekki nesillere miras goýmak babatynda ýörite jogapkärçilik; Hazar sebitiniň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek; Hazarda sebitden daşary güýçleriň harby barlygyna ýol berilmesizlik.
Häzirki wagtda Hazarda 6-njy Hazar Sammitiniň (Aşgabat ş., 29.06.2022 ý.) hem-de Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň barşynda (Moskwa ş., 05.12.2023 ý.) gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Halkara Hazar gününe bagyşlanylyp Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň “Hazara garaýyş” atly telegram-ýaýlymy işläp başlady.
Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň zolagyna öwürmäge gönükdirilen Hazarýaka ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary Ýewraziýada we bütin dünýäde howpsuzlygyň täze binagärligini gurmakda möhüm goşant bolar.
ORIENT news








