HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-2026-njy okuw ýyly üçin Beýik Britaniýanyň ilçihanasy Chevening talyp hakly maksatnamasy üçin arzalary kabul edýär

Awgust 07, 2024 | 11:13 |12972
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-2026-njy okuw ýylynda magistr derejesini almak üçin Chevening talyp hakly maksatnamasyna arzalary tabşyrmaga çagyrýar.Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-2026-njy okuw ýylynda magistr derejesini almak üçin Chevening talyp hakly maksatnamasyna arzalary tabşyrmaga çagyrýar.
Çeşme: expressentryscholarship.com

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-2026-njy okuw ýylynda magistr derejesini almak üçin Chevening talyp hakly maksatnamasyna arzalary tabşyrmaga çagyrýar.

Chevening talyp hakly maksatnamasy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan 1983-nji ýylda esaslandyryldy we Daşary işler ministrligi hem-de hyzmatdaş guramalar tarapyndan maliýeleşdirilýär. Maksatnama 160-dan gowrak ýurtda şol sanda Türkmenistanda hem elýeterli bolup, 1998-nji ýyldan bäri takmynan 89 adam bilim aldy.

Talyp hakyň öz içine alýan zatlary:

• Gidişin we gaýdyşyn uçuşlary;
• ýaşaýyş we okuw çykdajylary.

Dalaşgärler üçin talaplar:

• bakalawr ýa-da hünärmen derejesini alan bolmaly;
• Iň azyndan iki ýyl iş tejribesi;
• Iňlis dilinde erkin gürlemek;
• Onlaýn anketany doldurmak;
• Ýolbaşçylyk, Beýik Britaniýada okamak, aragatnaşyk gurmak, karýerany ösdürmek ýaly mowzuklara esse (düzme) ýazmak;
• Islenýän üç magistr maksatnamasynyň we uniwersitetleriň görkezilmegi.

Arzalar 2024-nji ýylyň 6-njy awgustyndan 5-nji noýabry aralygynda kabul edilýär.

Üns beriň:

Talyp hakyny almak üçin ýüz tutmak bilen bir hatarda, Beýik Britaniýanyň saýlanan uniwersitetlerine resminamalary saýlamaly we tabşyrmaly hem-de goşmaça synaglardan geçmeli. Her bir ýokary okuw mekdebi okuwa kabul ediş kararyny özbaşdak berýär.

Giňişleýin maglumatlary we anketany şu salgy arkalytapyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat almak üçin Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz: ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026