HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Institutynyň direktory wezipesiniň boş iş orny barada bildiriş

Iýul 15, 2024 | 22:09 |10287
Direktor wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli).  CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýärDirektor wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli).  CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýär
Çeşme: carecinstitute.org

Direktor CAREC institutynyň ýolbaşçysy bolup, CAREC institutynyň Dolandyryş geňeşine hasabat berýär.

Direktor wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli). CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýär.

CAREC instituty ABŞ-nyň dollarynda tölenilýän, halkara derejesinde bäsdeşlik edýän aýlyk haklaryny, ýeňillikieri we kompensasiýa paketlerini hödürleýär.

Dalaşgärler Türkmenistanyň raýatlary bolmalydyr.

Dalaşgärler resmi hatyň ýany bilen arzasyny we öz şahsy maglumatlaryny 6.4min@fineconomic.gov.tm elektron poçtasyna iberip bilerler.

Arzany “CAREC institutynyň direktory wezipesine dalaşgär bolmak” diýip belläň. Arzalar 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyna Türkmenistanyň wagty bilen 17:00 çenli iňlis dilinde ýazmaça görnüşinde tabşyrylmalydyr. Arzalar seredilenden soň , iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.

CAREC instituty deň mümkinçilikli edara bolup, bu wezipä dalaşgär hökmünde aýal-gyzlaryň ýüz tutmagyny hem höweslendirýär.

Habarnama diňe saýlanan dalaşgärlere ugradylar.

Bu wezipä ýüz tutmak üçin salgylanma şertlerini we ýazmaça soraglary aşakdaky web-sahypada ýükläp bilersiňiz: www.fineconomic.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026