HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada 20 ýyldan soň ilkinji gezek täze banknotlar tanyşdyryldy

Iýul 05, 2024 | 11:01 |8385
2004-nji ýyldan bäri iýeniň dizaýnyny üýtgetmedik Ýaponiýanyň banky täze pul birliklerini dolanyşyga girizdi diýip, düzgünleşdirijiniň metbugat gullugy habar berýär.2004-nji ýyldan bäri iýeniň dizaýnyny üýtgetmedik Ýaponiýanyň banky täze pul birliklerini dolanyşyga girizdi diýip, düzgünleşdirijiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: arabianbusiness.com

2004-nji ýyldan bäri iýeniň dizaýnyny üýtgetmedik Ýaponiýanyň banky täze pul birliklerini dolanyşyga girizdi diýip, düzgünleşdirijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Täze pul birlikleri 3-D gologramma görnüşinde goşmaça gorag aldy, bu bolsa olaryň galp nusgalaryny ýasamaga mümkinçilik bermeýär. Ýagny, banknotlarda galplaşdyrmak has kyn bolan ýörite täze görnüşli şekil ýerleşdirildi.

Banknotlaryň dizaýnynda çal, ýaşyl, gök we goňur reňkler ulanylýar. Banknotlaryň göwrümi dollardan we rubldan biraz uludyr.

10 müň iýen hümmeti bolan täze pul birliginiň öň tarapynda ýapon kapitalizminiň atasy hasaplanýan işewür Sibusawa Eýiti şekillendirilipdir.

Daşary ýurtda bilim alan ilkinji zenanlaryň biri, mugallym Suda Umeko 5 müň iýenlik banknotda peýda boldy. ABŞ-da bilim alandan soň watanyna dolanyp, aýal-gyzlaryň biliminiň ösmegine uly goşant goşdy we ýurduň paýtagtynda Suda uniwersitetini döretdi. Banknotyň ters tarapy glisiniýa gülleri bilen bezelipdir.

Täzelenen 1000 iýenlik banknotda bürme (stolbnýaka), täjihoraz (difteriýa) kesellerini bejermegiň usullaryny döreden we lukmançylyk pudagynda beýleki üstünlikleriň eýesi bolan bakteriolog Kitasato Sibasaburo şekillendirilýär. Pul birliginiň beýleki tarapynda «Kanagawadaky beýik tolkun» atly grawýuranyň şekili çekilipdir.

Geljek ýylyň mart aýyna çenli Hökümet we Ýaponiýanyň banky 7,48 milliard banknot çap etmegi meýilleşdirýärler. Köne banknotlar dolanyşykdan kem-kemden çykarylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026