HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-koreý gepleşikleriniň netijelerinden boýunça Aşgabatda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Iýun 10, 2024 | 20:15 |11169
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen döwlet saparyna gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň arasynda gepleşikler geçirildi.Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen döwlet saparyna gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Çeşme: Yonhap News

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen döwlet saparyna gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda aşakdakylara gol çekildi:

– «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga;

– «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga;

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň eksport-import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, taraplar gaz, himiýa, gämi gurluşygy, dokma, ulag, maglumat we aragatnaşyk, daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşdylar, şeýle hem infrastruktura we täze şäherler ugurlarda hyzmatdaşlyk alyp bararlar.

Duşuşyň netijeleri barada çykyş edende Türkmenistanyň Prezidenti, aç-açanlyk, özara düşünişmek we ynama esaslanyp geçirilen köpugurly gepleşikler üçin Prezidente we Koreýa Respublikasynyň ähli wekiliýetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026