Günorta Koreýa we Türkmenistan energetika we infrastruktura pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňelder


Duşenbe güni Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri iri energiýa we infrastruktura taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we Seulyň Merkezi Aziýadaky strategiýasy boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gepleşikler geçirdi we bilelikdäki beýannama kabul etdi, ýagny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda Günorta Koreýanyň innowasiýa mümkinçiliklerini Merkezi Aziýanyň çeşmeleri we ösüş kuwwaty bilen birleşdirmegi öz içine alýar.
Çig nebiti we gazy satyn almak boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Günorta Koreýa, tebigy gazyň gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan bilen energiýa taslamalary we çeşmeleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çalyşýar diýip, Yonhap habarlar gullygy ýazýar.
Prezident Ýun Sok Ýolyň diwany hem şu gün türkmen-koreý gepleşikleriň netijelerini çap etdi.
“2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda dostlukly we mähirli ýagdaýda geçirilen sammitde iki ýurduň ýolbaşçylary ykdysady, durmuş we medeni ugurlarda, şeýle hem sebit we halkara ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýollaryny özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar”,- diýip metbugat beýanatynda aýdylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Koreýa we Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy başlangyjy” goldaýandygy bellendi, Günorta Koreýanyň hökümeti tarapyndan 2024-nji ýylyň iýunynda yglan edilen ilkinji Uly Merkezi Aziýa strategiýasy we bu başlangyç durmuşa geçirmek üçin iki döwlet bilelikde işledi.
Iki döwletiň baştutanlary, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi, gapma-garşylykaryň öňüni almak we parahatçylykly çözmek ýaly halkara meselelerine jogap bermekde BMG-nyň esasy ornyny güýçlendirmeklige aýratyn ähmiýet berdiler. Iki ýurduň özara düşünişmegi we ynamy ýokarlandyrmak we sebit we halkara derejesinde durnuklylygy berkitmek baradaky umumy islegini tassykladylar we halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözülmelidigi barada ylalaşdylar.
Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň daşary syýasatda bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, ynamly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýändigi belläp, 2025-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek Türkmenistanda Halkara Parahatçylyk we ynanyşmek forumy bilen gutlady.
Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol ykdysady ugurda özara alyşmagyň möhümdigini tassykladylar we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylaşdylar. Hususan-da, iki ýurdyň döwlet baştutanlary gaz we himiýa, gämi gurluşygy, dokma, ulag, maglumat we aragatnaşyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem, infrastruktura we täze şäherler barada özara düşünişmek Memorandumy arkaly iki ýurduň arasynda gurluşyk we infrastruktura ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Taraplar, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän, nebithimiýa, ekologiýa taýdan arassa zawodlar we kükürtden arassalaýjy desgalar ýaly iri gurluşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.
Maýa goýumlaryny çekmek we halkara uglerodyň bitaraplygyny gazanmak üçin energiýa ulgamynyň täze pudaklaryny ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellendi. Prezidentler iki ýurdyň hökümetiň arasynda söwda we maýa goýumlaryny ösdürmek barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilmegini gutladylar we özara goldaw we maýa goýumlaryny goramak baradaky şertnamanyň gysga wagtda baglaşylmalydygy barada ylalaşdylar.
Iki ýurduň baştutanlary, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň özara ynamy berkitmäge we Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşant goşandyklaryna ýokary baha berdiler, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda 16-njy “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň üstünlikli geçirilendigini we 2025-nji ýylda ilkinji gezek geçiriljek Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa sammitiniň ähmiýeti bellediler.
Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji forumynyň (birinjisi 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Seulda geçirildi) 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçiriljekdigi bellendi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berk we uzak möhletli gurmagyň esasy serişdesi hökmünde adamlar bilen pikir alyşmagyň ähmiýeti ýene-de bir gezek tassyklandy, döwlet baştutanlary medeniýet, ylym, bilim, saglyk, sport we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti koreý tarapyny meşhur türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara sammite çagyrdy.
Ýun Sok Ýol Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna mähirli garşylanandygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti minnetdarlyk bildirdip we çakylygy kabul etdi. Saparyň geçiriljek güni diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
ORIENT news








