HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Işe girmegiň ýollary” okuwy: “HR-işgär dolandyrma” moduly iýulda başlar

Iýun 09, 2024 | 23:50 |15621
Öňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz işiňizde iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze HR-gurallaryny we platformalaryny nädip ulanmalydygyny öwrenersiňizÖňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz işiňizde iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze HR-gurallaryny we platformalaryny nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz
Çeşme: USAID

USAID-ň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Maslahatly Chozgut kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Logistika, Marketing, HR – işgärleri dolandyrmak ugurlarynda işe ýerleşmekde täze mümkinçilikleri döretmeklige ugrukdyrylan “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamany başlaýar. Maksatnama zähmet bazarynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaga ymtylýan uniwersitetleriň täze uçurymlaryna gönükdirilendir. Dalaşgärlerden okuwa çynlakaý çemeleşmekleri, ähli sapaklara hem-de çärelere işjeň gatnaşmaklary garaşylýar.

"Işe girmegiň ýollary" maksatnamasy öz aralarynda bagly bolmadyk her biri 1 aý dowam edýän 3 sany moduldan ybaratdyr. Şu ýylyň maý we iýun aýlarynda maksatnamanyň iki moduly başlandy: “Logistika” we “Marketing”.

“HR-işgär dolandyrma” moduly iýulda başlar.

Öňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz işiňizde iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze HR-gurallaryny we platformalaryny nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz.Topary üstünlikli dolandyrmak üçin zerur bolan analitiki, kommunikasiýa we liderlik ukyplaryňyzy kämilleşdirersiňiz. Kabul eden bilimleriňiz we endikleriňiz islendik kompaniýanyň rowaçlanmagy we ösmegi üçin direg boljak netijeli HR-sistemany döretmekde açaryňyz bolar.

Soňky Pitç-Güni – Modulyň tamamlanjak güni – özüňizi iş berijilere tanatmak üçin gaýtalanmajak mümkinçilikdir:

Bu gyzgalaňly çärede sizde potensial iş berijiler bilen gönümel gürrüňdeşlik geçirmek üçin we maksatnamanyň çäklerinde gazanan ukyp-başarnyklaryňyzy hem-de bilimiňizi görkezmek üçin mümkinçilik bolar.

Maksatnamanyň "HR – işgär dolandyrmak" atly 3-nji modulyna gatnaşmaklyga hasaba alynmak üçin görkezilen salgy boýunça ýüz tutma hatyny 2024-nji ýylyň 22-nji iýunyndan gijä galman doldurmak zerurdyr.

Gatnaşyjylary saýlamak konkurs esasynda geçiriler, ýerler çäklendirilendir.

1.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026