Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

USAID-iň YDA Taslamasy “Startup Bootcamp” maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär

Iýun 09, 2024 | 19:40 |15287
Maksatnama gatnaşmaga ýokary tehnologiýalar ulgamynda öz ideýalaryny/taslamalaryny startaplara öwürmegini ýa-da işleýän startaplaryny gowulandyrmagyny we gerimi giňeltmegini isleýän ýaşlar çagyrylýarMaksatnama gatnaşmaga ýokary tehnologiýalar ulgamynda öz ideýalaryny/taslamalaryny startaplara öwürmegini ýa-da işleýän startaplaryny gowulandyrmagyny we gerimi giňeltmegini isleýän ýaşlar çagyrylýar
Çeşme: Shutterstock Photo

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Startup Bootcamp” maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýärler. Maksatnama gatnaşmaga ýokary tehnologiýalar ulgamynda öz ideýalaryny/taslamalaryny startaplara öwürmegini ýa-da işleýän startaplaryny gowulandyrmagyny we gerimi giňeltmegini isleýän ýaşlar çagyrylýar.

Maksatnama şu aşakdaky mümkinçilikleri berer:

• Ökde maslahatçylardan, tälimçilerden we üstünlikli telekeçilerden startap-taslamalary işläp düzmegi öwrenmek;

• Taslamany durmuşa geçirmek meýilnamasyny düzmek: taslamanyňyzyň maksatlaryny, wezipelerini, gerek bolan serişdelerini we töwekgelçiliklerini kesgitlemek we ony bazara görä kämilleşdirmek;

• Müşderleriňizi kesgitlemek, özboluşly satuw teklibiňizi seljermek, işläp düzmek we synagdan geçirmek;

• Öz startapyňyzy ösdürmek we gerimini giňeltmek, onuň netijeligini ýokarlandyrmak we girdejiligini ýokarlandyrmak.

Iň oňat startaplaryň awtorlaryna “Hi-Tech Turkmenistan 2024” halkara forumynda we sergisinde öz taslamalaryny maýadarlara we iri halkara kompaniýalarynyň wekillerine hödürlemäge mümkinçilik beriler.

Bu maksatnama gatnaşmak üçin şu linkdäki ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň iýun 21-ne sagat 10:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScpRC94VIIdWM7TZDM4CioWp07bUw29UY-zyIxs9f7pPyN-Zw/viewform

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026