Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Kiýewde talyplar bilen geçirilen welosiped ýörişi barada

Iýun 03, 2024 | 17:05 |12234
Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Kiýewde welosiped ýörişi geçirildi.Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Kiýewde welosiped ýörişi geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Kiýewde welosiped ýörişi geçirildi.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy, Ukrainanyň “Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat edýän Baş müdirlik” döwlet kärhanasynyň goldawy bilen, ekologiýa dynç alyş ýerleri bilen meşhur bolan Ukrainanyň paýtagtydaky Truhanow adasynyň çäginde türkmen talyp ýaşlaryny ýygnady.

Talyplar we diplomatlar adanyň dürli landşaftlaryndan - köllerden, dub we sosna tokaýlaryndan we çägeli kenarlardan geçýän eko-ugurlar boýunça syýahat etdiler. Ýaşlar wekilhana tarapyndan guralan sport çärelerine elmydama şatlyk bilen goşulýarlar we öz göreldesi bilen sagdyn sport durmuşyny görkezýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyjyny goldady we 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Bu karar, Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny berkitmäge, daşky gurşawyň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe, saglyk hereketini we sporty mundan beýläk-de ösdürmäge ýurduň ýolbaşçylarynyň köp işleriniň we ünsüniň netijesidir.

Welosiped saglygyň we tebigaty goramagyň nyşanydyr. Welosiped ýadygärligi Aşgabadyň özüne çekiji ýerlerinden biridir. Türkmenistanyň paýtagtynda yzygiderli bolup geçýän welosiped ýörişleriniň ugurlary şu ýerden başlaýar.

Kiýew welosiped ýörişi türkmen ýaşlarynyň agzybirligini pugtalandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, daşky gurşawa ideg etmäge, Watanymyza bolan söýgä we hormata hem-de ähliumumy gymmatlyklara ygrarlydygyny görkezdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026