HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri hyzmatdaşlyk üçin Gazagystana çagyrylýar

Iýun 05, 2024 | 09:25 |15473
Türkmenistanyň telekeçileri Astana we Almaty şäherleriniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Gazagystana çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň telekeçileri Astana we Almaty şäherleriniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Gazagystana çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: export.mb92.ru

Türkmenistanyň telekeçileri Astana we Almaty şäherleriniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Gazagystana çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

Işewürlik sapary “Astana” diplomatik kluby tarapyndan 24-27-nji iýun aralygynda guralar. Bu sapar türkmen işewürlerine Gazagystandaky kärdeşleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, täze hyzmatdaşlary tapmaga we özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga ýardam berer.

Saparyň çäklerinde Gazagystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de işewürleri bilen duşuşyklary geçirmek, senagat kärhanalaryna baryp görmek meýilleşdirilýär.

Gatnaşmak üçin goşmaça maglumaty şu telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz: + 993 62 60-68-85

“Astana” diplomatik kluby diplomatik korpusyň, dolandyryş edaralarynyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we döredijilik işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin özgerişli meýdança bolup durýar. Bu klub 2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Diplomatik gullugynyň gününde döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026