HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili Matilda Bogner bilen duşuşyk boldy

Maý 29, 2024 | 22:03 |9956
29-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.29-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.
Çeşme: mejlis.gov.tm

29-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarynyň Müdirligi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň adam hukuklary babatda borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen degişli halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtady.

Zenanalar baradaky alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, çagalary goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda zenanlaryň islän hünärini saýlamagy, mynasyp bilim almagy, çagalaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyz anyk çäreler bilen zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny subut edýär.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy adam hukuklary babatda milli maksatnamalary we meýilnamalary, hususan-da, 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatda hereketleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komisarynyň Müdirliginiň goşýan goşandyny belledi diýlip mejlisiň saýtynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026