HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ iş saparyny amala aşyrdy

Maý 30, 2024 | 10:40 |16098
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-nyň Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine iş saparyny amala aşyrdy2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-nyň Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in the USA

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-nyň Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow, Akademiýanyň prorektory Seýtmyrat Ataýew hem-de seýisçi we tälimçi Aman Başimowdan ybarat boldy. Saparynyň dowamynda Esberi uniwersitetiniň prezidenti Kewin Braun, prorektory Şeri Pawers, Atçylyk programmasyny esaslandyryjy we müdiri hem-de Wilmore şäheriniň häkimi Harold Rainwater, Ylymlar fakultetiniň dekany, ylym we saglyk kafedrasynyň müdiri Wins Sutlive hem-de uniwersitetiň beýleki işgärleri bilen duşuşyklar geçirildi.

WhatsApp Image 2024-05-28 at 21.20.37_23918943.jpg

Türkmen wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň okuw maksatnamasy, usulyýeti, okadyş we tälim beriş tilsimleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşyklarda iki ýokary okuw mekdepleriň arasynda atçylyk pudagynyň dürli ugurlary, şol sanda özara düşünişmek baradaky ähtnamanyň taslamasy boýunça gepleşildi. Has takygy, türkmen tarapy Atçylyk merkeziniň okuw meýilnamasy, seýisçilik tejribesi, talyplary okatmagyň inçe tärleri bilen tanyşyp, ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň möhümdigi barada belledi. Taraplar talyplar we professor-mugallymlaryň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki maksatnamalary taýýarlamagyň mümkinçiligine hem garadylar.

WhatsApp Image 2024-05-28 at 21.17.28_6bbd26a9.jpg

Ilçi M.Orazow, atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge, dünýä meşhur Ahal-teke atlaryny gorap saklamaga we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasaty barada gürrüň berdi. S.Ataýew Arkadag şäherinde geçen ýyl açylan Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy, onuň iň ýokary derejede üpjünçiligi we okuw maksatnamasy barada prezentasiýa bilen çykyş etdi. A.Bäşimow öz gezeginde halkara arenasyndaky üstünlikleri bilen tanalýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazananlary barada gürrüň berdi. Duşuşyklaryň netijesinde türkmen wekiliýeti hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Esberi uniwersitetiniň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini Türkmenistana iş sapary bilen çagyrdy.

WhatsApp Image 2024-05-28 at 21.40.40_4f943cde.jpg

Duşuşyklardan soň türkmen wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň atçylyk merkezine baryp gördiler. Olar merkeziň işiniň amaly taraplary barada düşünje alyp, athanalara, okuw meýdançalaryna we ammarlara aýlandylar. Wekiliýet uniwersitet tarapyndan saklanýan atlara ideg we okuw-türgenleşigiň ýokary standartlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.

WhatsApp Image 2024-05-28 at 21.17.27_16c3ef22.jpg

29-njy maýda türkmen wekiliýeti “Kentukki at seýilgähine” we “Amerikan Saddlebred atynyň” muzeýine baryp gördi. Olar Kentukki ştatynyň baý atçylyk mirasy baradaky bilimlerini çuňlaşdyryp, dürli atçylyk senetine degişli eksponatlar, baýraklar, esbaplar we sungat eserleri bilen tanyşdylar.

WhatsApp Image 2024-05-29 at 20.59.17_662eb43e.jpg

Sapar birek-birege hormat goýmak we bilelikde işlemäge taýynlyk duýgusy bilen tamamlandy. Esberi uniwersiteti we Akademiýanyň ylym, bilim we hünär taýýarlygy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardylaryny görmek boldy.

WhatsApp Image 2024-05-29 at 20.59.21_705c9ab2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026