HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary topinambur ösümliginden inulin we fruktoza aldylar

Maý 28, 2024 | 11:41 |12689
Türkmen alymlary topinambur ösümliginden inulin we fruktoza almagyň usullaryny işläp taýýarladylar.Türkmen alymlary topinambur ösümliginden inulin we fruktoza almagyň usullaryny işläp taýýarladylar.
Çeşme: veganolife.ru

Türkmen alymlary topinambur ösümliginden inulin we fruktoza almagyň usullaryny işläp taýýarladylar. Bu açyş azyk senagatynda, şeýle hem derman senagatynda peýdalanyp bilner. Topinamburyň kökünde fruktozanyň polisaharidi bolan hem-de ösümligiň fotosintezi netijesinde toplanan inulin maddasy bar.

Biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň hem-de ylmy işgär Bossan Taganowanyň ýolbaşçylygynda alnyp barylan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda biotehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmek boýunça 2024-2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Fruktozanyň energetika gymmaty 3,8 kilokaloriýa deň bolup, ol antiketogen we antikariýes häsiýetlidir. Fruktozanyň bu aýratynlyklary süýjülik diabeti bolan hassalaryň bejergisini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Galyndysyz önümçiligiň döredilmegi, özünde biologiýa taýdan işjeň maddalaryň uly möçberini saklaýan fruktoza düzümli külkäniň ahyrky önüm hökmünde alynmagy bu açyşyň tehniki netijeleridir. Şeýle hem beýleki dermanlyk ösümlikleriň köklerinden inulin almak boýunça ylmy-barlag işleri dowam edýär.

Azyk senagatynda inulin ýagyň we şekeriň ýerini tutujy önüm hökmünde ulanylýar. Inuliniň prebiotiki häsiýetleri adam bedeninden toksinleri, zyýanly galyndylary we beýleki howply maddalary çykarmaga, süňkleriň ösmegine ýardam berýär, imminuteti berkidýär, bedeniň çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem ol bagryň işine oňyn täsir edýär. Funksional azyk önümleriniň döredilmegi hem-de peýdalanylmagy ilatyň sagdyn iýmitlenmek konsepsiýasynyň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Bu önümler adamyň saglygyny gorap saklamaga, gowulandyrmaga hem-de dürli keselleriň döremek töwekgelçiligini peseltmäge ukyplydyrlar.

Häzirki wagtda ylmy edebiýatda topinambur ösümligine, onuň azyk, derman, gaplanan önümler senagatynda hem-de iým önümçiliginde ulanylmagyna uly üns berilýär. Bu ösümligiň gymmaty onuň ýokary hasyllylygy, baý himiki düzümi we ösdürip ýetişdirilende kän idegi talap etmezligi bilen şertlendirlendir.

Altyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026