HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde ilkinji 6G antenna döredildi

Maý 20, 2024 | 10:57 |10294
Alymlar dünýäde ilkinji 6G antennasyny döretdiler. Antennanyň özboluşly aýratynlygy maglumat geçiriş tizligini 5G-den birnäçe müň esse ýokary üpjün etmek ukybydyr.Alymlar dünýäde ilkinji 6G antennasyny döretdiler. Antennanyň özboluşly aýratynlygy maglumat geçiriş tizligini 5G-den birnäçe müň esse ýokary üpjün etmek ukybydyr.
Çeşme: kommersant.ru

Alymlar dünýäde ilkinji 6G antennasyny döretdiler. Antennanyň özboluşly aýratynlygy maglumat geçiriş tizligini 5G-den birnäçe müň esse ýokary üpjün etmek ukybydyr.

2028-nji ýylda ornaşdyrylmagyna garaşylýan mobil aragatnaşygyň altynjy nesliniň ulanyljak ugurlarynyň biri hem adamlaryň arasynda aragatnaşyk üçin hakyky gologrammalaryň döredilmegi bolar. Gürleşýän adamyňyzy görmek bilen çäklenmän, eýsem, göwrümli şekili arkaly onuň bardygyny duýmaga mümkinçilik berýän wideo jaňlaryny göz öňüne getiriň.

Bu tehnologiýany täjirçilik taýdan durmuşa geçirmek 2030-njy ýyldan soň mümkin bolar.

6G we 5G torlarynyň arasyndaky esasy tapawut maglumat geçiriş tizligidir. Eger 5G torunda maglumat geçiriş tizligi 1 Gbit/s-den 10 Gbit/s aralygynda bolsa, 6G torunda maglumatlary 100 esse çalt – 1Tbit/s tizlikde geçirip bolýar.

Altynjy nesliň ýene bir artykmaçlygy kuwwatly sygymydyr. Häzirki wagtda internete birikdirilen enjamlar barha köpelýär – awtoulag duýduryşlaryndan başlap, akylly rozetkalara we çäýneklere çenli. Şeýle enjamlar köpelip başlanda, şol sanda senagat derejesinde köpelende, hut 6G standarty ulgamyň kadaly işlemegine mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026