HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“TürkmenÄlem52.0E” – 9 ýyl Älem giňişliginde

Aprel 29, 2024 | 16:25 |9293
“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemramyzyň älem giňişligine çykarylanyna hem-de “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilenine 9 ýyl doldy.“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemramyzyň älem giňişligine çykarylanyna hem-de “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilenine 9 ýyl doldy.
Çeşme: turkmenhemrasy.gov.tm

“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemramyzyň älem giňişligine çykarylanyna hem-de “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilenine 9 ýyl doldy.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “TurkmenAlem52.0E”, “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan öndürülen we “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan älem giňişligine çykarylan ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasydyr. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Kanaweral burnyndaky kosmodromdan uçuryldy. Hemra geostasionar orbitada ýerleşýär we signaly bilen Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň köp bölegini öz içine alýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýol-ýörelgesinden ugur alyp, 9 ýyl bäri “TürkmenÄlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly, “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ-i ýokary hilli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini üstünlikli amala aşyrýar.

Ýurdymyzyň çäklerinde işleýän daşary ýurt kompaniýalary, ýerli edara kärhanalary we dünýäniň birnaçe ýurtlarynda hemra aragatnaşygynda işleýän daşary ýurt kompaniýalary, “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ýerine ýetirýän hyzmatlaryndan we mümkinçiliklerinde peýdalanyp gelýärler. Eýýäm 9 ýyldan bäri, bar bolan 13 sany milli türkmen tele we radio ýaýlymlary bilen bir hatarda “TurkmenAlem52.0E” emeli hemramyzda 260-dan gowrak pars, puştu, dari, kurd, türk, rus we özbek dillerinde dürli mowzukdaky tele we radio kanallar ýaýlyma berilýär. “TurkmenAlem52.0E” hemrasy arkaly ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlarynyň berilmegi netijesinde, hemra aragatnaşyk bazarynda özüni Günbatar we Gündogar ýurtlarynyň arasynda öz wagtynda maglumat alyşmagyň möhüm bölegi hökmünde tanatdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026